tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Domen saýlamak


Domen saýlamak

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

3-nji ädim. Domen saýlamak http://forumupload.ru/uploads/001b/41/54/2/t970556.jpg

Salam bloglar.7wk.ru saýtynyň hormatly agzalary we myhmanlary ! Eger siz özbaşdak saýt açmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz we platforma saýlan bolsaňyz onda üçünji ädimi ädip bileris .Saýt açmagyň peýdalary barada aşakdaky blogymda okap bilersiňiz.

Näme üçin saýt açmaly ?

We niredan saýt açmak (platforum saýlamak ) barada okamak isleseňiz aşakdaky salga giriň .

Nireden mugt saýt açmaly ?

Indi bu blogymda men size aşakdakylar barada giňişleýin maglumat bermekçi.

1.Domen näme ?
2.Domen saýlamak
3.Domen bilen baglanşykly google kriterleri .

Domen näme ?

Domen- ýönekeý dilde aýdanymyzda saýtyň ady we adresidir. Mysal üçin şu saýtyň ady (ýagny domeni) bloglar.7wk.ru .

Domen saýlamak

Domen saýlanyňyzda esasy aşakdaky zatlara üns bermeli.

1. Haýsy ugurdan saýt açmagy isleseňiz şol ugra degişli domen saýlamaly. Eger özbaşdak portal saýt açmak isleseňiz öz adyňyzy ýa-da familýaňyzy ulanyp bilersiňiz .

2. Domen adynyň juda gysga we ýatda galyjy bolmagy.

3. Aňsatjak okap bolýan bolmagy.

4. Aňsatjak ýazyp bolýan bolmagy.

5.  Öň saýlanmadyk domen ady saýlamaly.

Domen bilen baglanşykly google kriterleri.

1.Domen ýaşy.
Google garryja domenleri halaýar. Mysal üçin talyplar.com saýtyna ýazan bloglaryň google-yň ýokary başyna çykmagynyň sebäbi talyplar.com saýtynyň 2007-den bäri diriligindendir. Ýagny saýtyň ady we özi näçe uzak wagta gitse google şol saýty öňdäki orunlarda goýýar.

2. Açar söziniň domende ýer almagy.
Açar sözi näme? Açar sözi ýönekeý dilde aýdanymyzda google-de iň köp gözlenen sözler we sözlemlerdir. Mysal üçin "Internetden pul gazanmak" sözi google-de juda köp gözledilýär. Şonuň üçin bir oglan internetdenpulgazanmak.wordpress.com saýtyny açdy. Eger biz "Internetden pul gazanmak" ýazyp gözledenmizde şol saýt google-yň ýokary başlarynda çykýar.

3. Açar sözüniň domeniň birinji sözi bolmagy.

4. Domen hasaba alyş döwri.
Eger biz domeni näçe uzak wagtlap hasaba alsak google-yň gözine juda gowy görünýäris. Şonuň üçin domeni azyndan 1 ýyllyk satyn almaklyk maslahat berilýär.

Domen bilen baglanşykly google kriterleriniň käbirleri şulardan ybaratdyr . Eger domen saýlamaga azajygam bolsa kömek eden bolsam onda bu ujypsyzja zähmetimiň ýerine düşdigidir.

Domen bilen baglanşykly başgada maglumat almak üçin aşakdaky salga giriň .

Domenli atlar

Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow , blogger.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Domen saýlamak