tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Iň köp ulanylýan html kodlarym


Iň köp ulanylýan html kodlarym

Сообщений 1 страница 2 из 2

1

https://forumupload.ru/uploads/001b/41/54/2/t876309.jpg
Iň köp ulanýan html kodlarym

Salam hormatly saýt agzalary we okyjylary? Bu günki blogymda men size iň esasy gerek bolan iň köp ulanylýan html kodlary barada başardygymdan giňişleýin maglumat bermekçi.Elbetde köpümiziň bilşimiz ýaly admin bolmak ýagny bir saýty dolandyrmak üçin azajygam bolsa html kodlaryny bilmek hökmandyr.

Bellik: Üns beriň html ýaly kodlar bilen meşgullanylanda juda seresap bolmaly. Html kodlarynda göýberilen ýekeje ýalňyşlyk hatda ýekeje nokat (.) azajyk boş ara goýmak hem tutuş kodyň bozulanmagyna getirip biler.

Meniň iň köp ulanylýan kodlarym bolsa şu aşakdakylar.

1. <a href> baglanşyk goýmak.
2. <hr> kese çyzyk
3. <marquee> ýöreýän ýazgy.

Umuman meniň özümä  html kodlaryna kän kelle agyrdamok. Şonuň üçin esasy şu üç kod barada maglumat bereýin.

1. <a href> baglanşyk goýmak.

Bilşimiz ýaly html kodlaryna  < , > belgilerni goýmak hökmandyr.

Indi mysal üçin talyplar.com saýtyna baglanşyk goýmak üçin biz aşakdaky html kodyny ulanarys.

<a href="http://talyplar.com"> Talyplar.com </a>

Bu ýerde <a href  baglanşyk html kodynyň başlandygyny aňladýar. Bu ýerde esasy zat "http://talyplar.com" ýazgysy bolup durýar . Elbetde biz onuň ýerine başga ýerlerede baglanşyk goýup bileris. Mysal üçin bloglar.7wk.ru saýtyna baglanşyk goýmak üçin aşakdaky kody ulanarys.

<a href="https://bloglar.7wk.ru"> Bloglar.7wk.ru </a>

Görşimiz ýaly ýokardaky iki kody deňeşdirenimizde  esasy üýtgeýän zat html baglanşyk linki bilen html baglanşygynyň ýazgysydyr.

>Talyplar.com<  html kodynyň bu bölegi bolsa ulanyjylaryň görüp bilýän ýazgysydyr. Ýagny zyýaratçylar siziň goýan html baglanşyk kodyňyzy tutuşlygyna görüp bilmeýär. Zyýaratçylaryň gözüne diňe > ... < belgileriniň arasyndaky ýazgy görünýär. Şonuň üçin şol aralyga haýsy ýere baglanşyk goýjak bolsaňyz şol ýeriň adyny ýa-da gysgajyk maglumat ýazmaly . Meselem <a href="http://talyplar.com"> Talyplar.com </a>

</a> bu bölegi bolsa html baglanşyk kodynyň gutarandygyny aňladýar.

GUTLAÝAS indi siz html kod arkaly baglanşyk goýmagy öwrendiňiz . Şu kod arkaly siz islendik ýere baglanşyk goýup bilersiňiz .

2.<hr> kese çyzyk

Bu kod juda ýönekeý . Ýagny siz kese çyzyk goýmak isleýän ýeriňize <hr> kodyny goýaýmaly.

3. <marquee> ýöreýän ýazgy.

Bu kod bilen siz saýtyňyza ýöreýän ýazgy goýup bilersiňiz. Ýöreýän ýazgy goýmak üçin aşakdaky ýaly kod ulanmaly.

<marquee> Salam </marquee>

Bu ýerde > < belgileriniň arasyndaky salam ýazgysy zyýaratçylaryň görüp biljek ýazgydyr. Onuň ýerine başga islendik ýazgyny ýazyp bilersiňiz.

</marquee> bolsa ýöreýän ýazgy html kodynyň gutarandygyny aňladýar.

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .

Siz hem öz bilýän html kodlarňyzy paýlaşyň.

Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow , blogger.

0

2

1.Ýazgynyň göwrümüni ulaltmak/kiçeltmek
Kot:<font size="ýazgynyň göwrümi">ýazgy </f>
Mysal:<font size="20">Html kodlary </f>
Netije:Html kodlary

2.Ýazgynyň reňkini üýtgetmek
Kot:<font color="ýazgynyň reňki">ýazgy </f>
Mysal:<font color="blue">Html kodlary </f>
Netije:Html kodlary

3.Ýazgynyň görnüşüni üýtgetmek
Kot:<font face="ýazgynyň görnüşi">ýazgy </f>
Mysal:<font face="times new roman">Html kodlary </f>
Netije:Html kodlary

Ähli mysallaryň netijesi:
Kot:<font size="ýazgynyň göwrümi"><font color="ýazgynyň reňki"><font face="ýazgynyň görnüşi">ýazgy</f></f></f>
Mysal:<font size="20"><font color="blue"><font face="times new roman">Html kodlary</f></f></f>
Netije:Html kodlary

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Iň köp ulanylýan html kodlarym