“Don bolsa”
Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: wah, üstünden don bolsa!
Bäş pul diýip, hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa, arzuw eder - on bolsa!
Ol ýigit ki çeke-çeke hasraty,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýr ki: mugt, tükenmez nan bolsa!
Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat
Köňli istär, beýik şähre han bolsa!
Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrünmez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa!
Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tuta gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasy,
Karun kimin niçe gaznaň kän bolsa!
Magtymguly Pyragy