Bir Allaha uý diýerdiñ,
Aýdyşyñ deý uýdym eje!
Hyýallarñy goý diýerdiñ,
Emma bilmän söýdüm eje!.
Içde gizläp köýgülermi,
Zyñyp bilmän gaýgylarmy,
Duýma diýen duýgylarñy,
Bir gözelde duýdum eje!.
Seýiklenen, daşdan gaty,
Aýdylmadyk sözlem ýatyr,
Ýürek diýlen garamaty,
Elim bilen soýdum eje!.
Darkaş edip gahrym bilen,
Umytlanan şährim bilen,
Maña beren mähriñ bilen,
Özge birin çoýdum eje!.
Boýun alyp ýanandygmy,
Bagt atyñ çamandygny,
Indi bilip ýalandygny,
Ynanmagmy goýdum eje!.
Umyt azaldy ogluñda,
Gussa asyldy boýnumdan,
Ykbalyñ gurnan oýnundan,
Indi halys doýdum eje!.
Ýörän ugrym çarkandakly,
Gözýaşym syrjak ýandakmy,
Ýazgydym diñe ýanmakmy?!,
Men näme üçin dogdum Eje?!
Awtory: Baýram Bejidow