tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » KERIM GURBANNEPESOW ŞYGYRLAR ÇEMENI…


KERIM GURBANNEPESOW ŞYGYRLAR ÇEMENI…

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

MUGALLYMYŇ SÖZI

Mugallymyň sözi – Watanyň sözi,
Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun.

“Mugallym şeý diýdi!” diýer çagalar,
Mugallym diýdimi – kesiler jedel.
Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar daň bilen mekdebe gider.

Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar…
Onsoň çagalar hem mugallym bolup,
Ol sözi
Geljekki
Nesile
Aýdar.

Ýaşar,
Işlär ýörer mugallym sözi,
Mugallymyň sözi – Watana ömür.
Şeýdip mugallymyň aýdan sözüni
Asyrdan asyra äkider döwür.

KERIM GURBANNEPES

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » KERIM GURBANNEPESOW ŞYGYRLAR ÇEMENI…