"Gyzlar Bilen Tanyşmagyñ Düzgünleri"
Gyzlar bilen birinji gezek tanyşanyñda şular ýaly halatlara ýol goýmazlyk, soñra bolsa olar biziñ gatnaşyklarymyza öz täsirini görkezmän galmaýar. Elbetde köpçülik şhu ýaly ýagdaýda ýűzlerinde şatlyk bilen ýadyna salýarlar. Ýöne bu bolsa hemişe gűlki bilen çykyp gidip bilmeýärsiñiz. Şu sebäpli gyzlar bilen tanyşmazdan öñ "Gyzlar bilen tanyşmagyñ düzgünleri" -ni bilip alsañyz özűñize kömek bolar.
1. ÖZÜÑIZI SÖÝGINIÑ ÝESIRINE AÝLANDYRMAÑ
Ol barada azyrak pikirleniñ. Hyýalyñyza onuñ keşbini çekmegi hem goýuñ. Gyzlara siziñ pikirleriñizibilmäge münkinçilik bermäñ! Eger şhundan hem soñ söýgi derdine duçar bolsañyz, onda oña bildirmäñ. Elbetde aýallarda içki duýgy has rowaçlanandyr. Bu size kyn bolmagy műnkin. Eger ol siziñ gowy görűşiñiziñ peýdasyna bolar. Gyzlar bilen gatnaşyklaryñ hemmesini ýanmaýan oýnalýan oýuna meñzetmek münkin. Siz soñky duşuşyklarda tolgynmañ. Oña kop jañ etmäñ. Sizin jañlaryñyz onuñ jañlaryndan köp bolmasyn. Emma oña bilgeşleýin jañ edýäniñizi bildirmezlik gerek. Ýatda saklañ!: eger bu şertleri bejermeseñ, galan şertler öz gűýjini ýitirýär!
2. SÖÝÝÄN GYZYÑYZY GOWY ÖWRENIP ÇYKYÑ
Siz özüñiz üçin täze ugur tapuñ. Gyzy "skaner" edip, "rentgen" den geçirip öwreniñ. Esasy onuñ kalbyna ýol tapyñ. Onuñ häsiýetlerini, gyzyklanýan zatlaryny ýaman görýän zatlaryny bilip alyñ. Eger ol durmuşa çykan bolsa, ägä boluñ. Iñ esasysy onuñ durmuş ýoldaşy ýamanlamañ. Gowysy ony goramak isleýändigiñiz barada aýdyñ.
3. DAŞKY GÖRNÜŞINIZE GOWY SEREDIÑ
Daşky görnüş öza gatnaşyklarda alyp barmakda uly rol oýnaýar. Eger gyz size "erkek adam maýmyndan tapawut etse bolýar" , diýse ynanmañ. Elbetde gözellik bu garanyñdan gowy düşinje. Eger sizden deriñ ysy gelip dursa ýa-da eliñiz dyrnaklaryñyz kir bolsa , iñ gowusy siz gyz bilen tanyşmak hakda oýlanmañ. Eginbaş hem bu barada möhüm hasaplanýar. Durmuşda koplenç gyzlar oglanlaryñ sagadyny, soñ aýakgabyny, soñra bolsa ýigidiñ özüni gowy görüp galýan ýagdaýlar hem duş delýär. Ýöne eginbaşa köp ünüs bermek hem talap edilmeýar. Möhümi gyzlar täze we õzüñize gelişýän bolmagy gerek.
4. "ERKEK BOLUÑ"
Hereketleriñize uly ünüs beriñ - indiki ýagdaýlarda hiç hili talgunmañ, şatlyk şowhun bilen yagdaýlardan baş alyp çykyñ. Berk (serýozni) boluñ. Gyzlar masgarabaz oglanlary gowy gormeýär. Gyzlary dürli lakamlar ("pişijegim" we ş.m) bilen atlandyrmañ. Ýaş çagalar ýaly gylykary etmäñ. Eger ol size " Ýaş çaga meñzeýäñ" , diýse, gutardy. Gatnaşyklaryñyzy gowulamagyñ gozlegine çykyñ. Gyzlar akylly oglanlary gowy görýärler. Ýöne siz ýaman bolmañ. Onun pikirlerini özüñiziñ "demir pikiriñiz" bilen baglañ. Bu ýagdaý gatnaşyga uly täsir görkezýär.
5. GYSGANÇ BOLMAÑ
Gyzlar gysganç oglanlary gowy görmeýärler. Eger siz maliýe tarapdan ýagdaýlarynyz gowy bolmasa, owadan gyzlar barada arzuwlaryñyzy unudyñ. Jübiñize pul düşse, özüñiziñ gowy gören gyzyñyzy restarana çagyryñ. Ol ýerde oña iñ gymmat bahaly tagamlardan dadyp görmegini maslahat beriñ. Statistika we maglumatlara görä bular ýaly ýagdaýda başga bir arzan tagama buýurtma bermegi anyklanan. Köplenç arzan sowgat berenden , bir gymmatbaha sowgat beriñ. Ýa-da siz öz köñgiliñizden gelip çykan sowgat dälde, belki onuñ köñülindäki zady sowgat etmäge hereket ediñ. Şuny unutmañ, gereginden artyk edilen çykdaýjylar hem gyzyñ köñlini sowadyp goýmagy münkin. Ol gyz, - bu oglan söwdalaşmagy bilmeýar, ol bilen köp galyp bolmaýar. - Ol meniñ ýanymda ozüni şeýle tutýar. Diýmek, düşinjesi gowy däl eken diýip pikir edýär.
6. ONUÑ OÝLAÝAN ZATLARYNY DIÑLÄÑ
Gep şular ýaly gyzlaryñ köpçüligi özleri oýlaýan zatlarynyñ tersine soraýarlar. Eger bir gyz sizi hiç haçan söýmejegini aýtsa, bu hakykat boluşy münkin. Ýone köp ýagdaýlarda tersine bolup çykýar.
7. GATNAŞYKLARA ANYKLYK GIRIZMÄGE HEREKET ETMÄÑ
Gyz sizi söýýärmi ýa-da ýokmy, ony bilmäge herket etmäñ. Ondan bu gün näme ûçin keýpi ýoklugyny, şirin sõzler bilen siz bilen gepleşmeýändigini hakynda soramañ. Bir gezek bular ýaly gürrüñdeşlik sizleriñ başyñyzdan öten bolsa, bütin õmür utuldum diýip hasaplaweriñ.
8. OÑA MASLAHAT BERMÄÑ
Her dürli ýagdaýda hem gyzlara maslahat bermäň. Nahili boýanmaly, Nähili geýinmeli, we ş.m , õzi çõzsün. Bu-ny özüne garanda meni kemsitýär diýip kabul etmegi hem münkin. Hatda ol õzűniň bu günki gõrnüşi hakda pikiriñizi sorasa hem siziñ bakyşyñyzdan hem gözel ýokdugyny aýdyñ. Ylmy ýa-da iş ýüzünden gürleşeniñizde bolsa başgaça ýol tutuñ. Olarda hem seresaplyk talap edilýär. Gowusy siz ol siziñ öñüñizde goýan zatlaryñ içinden gereklisini saýlap almaga komek ediñ.
9. ÖZÜÑIZE YNANYÑ
Bilýäñizmi, düýn siz höwes bilen seredip duran gyz bu gün siziñki bolmagy münkin. Umuman tanyşyp bolmaýan gyz ýok. Olar hem biz isleýän zadymyzy halaýarlar. Umuman siz şu gyzyñ arzuwyndaky ýigitsiñiz. Özüñize ynam bilen serediñ. Ýöne özüňizi birñäçe orunda goýmañ. Gyzlar diñe özüni bilýän (egoist) oglanlary halamaýarlar. Eger siz şu düzgünlere amal etseñiz, arzuwyñyzdaky gyz bilen tanyşmak size añsat bolar!
@Pikir (Yusup Durdyyevv)