AÝALLAR ÝERINI ÇALYŞSADYLAR Ýa-da ÕZBEK AÝALYNYÑ DURMUŞYNDAN BIR GÜN.
Sagat gulaga ýakymsyz ses bilen jyrlaýar. Taşkentde dañdan sagat 4 . Men sűýji ukuda ýatan adamyma bakyp, ony yralap başlayan: -Tur,sagat eýýäm dört bolupdyr. Adamym dűýşűnde bir zatlar samyrdaýar.Men ony oñkűden has gatyrak yralaýan : -Tur,how !Sen entäk howlyny arassalamaly! Goñşular näme diýerler?! Tur ýerinden ! Adamym ahyry ukudan oyanyp geyinmäge başlaýar. Häzir ol howlyny süpürmäge başlar. Bizde, özbekler-de, adat şeýle. Men bolsa gaytadan uka gidýän. Sagat sekizlere ýakyn kofanin we blinçikleriñ ýakymly ysy meni ukudan oýarýar. Turup naharhana girýän, adamym öñlűk dakynyp, plitanyñ üstüne eglip bişir-düşhür edip ýör. Stoluñ başyna geçip oturýan. Buýruk beriji äheñde adamyma: -Maña şekeri uzat !- diýýän. Adamym şekeri alyp maña uzadýa,soñra öñlügini çykaryp asyp, geýim ütüklemek üçin gapdaldaky otaga geçýä. Yzyndan : -Men işime gijä galýan, meniñ bluzkamy tizräk ütükläp berjekmi ? – diýip gygyrýan. On minut soñra ütüklenen bluzkamy, çal reñkli ýubkamy geýip, sumkamy elime alýan. Adamym meni howlyñ gapysyna çenli ugradýa. Maşynymy otlap gidiberemde adamymy duýdurýan : -Biz bu gün gyzlar bilen çaýhana belleýäs, men giç gelerin. Maşynym yzynda tozan galdyryp gözden yitdi. Adamym yzyna dolanyp, gap-çanaklary ýuwup başlady. Şol wagtda men bolsa maşynda « Dostluk » prospektinde ofisime ýetip barýadym. Meniñ ofisim Taşkendiñ iñ gowy biznes sentrleriniñ birinde ýerleşýär. Men bolsa « nedvijimost » bilen meşgullanýan kärhananyn general direktory. Swetoforda gyzyl çyra garaşyp durun welin, yzymdan bir maşyn gelip birnäçe santimetrlikde saklady. Tasdanam meniñ maşynymy çitikläpdi!!! Gaharlanyp başladym, ýöne seretsem rulda oturan erkek-laý. «Aý,bir erkek ,ondan name alyp boljak» diýýän öz-özüme. Onda-da blondin erkek. Aýal bolmagyñ gowudygyny. Bize islän zadymyzy etmäge hakymyz bar. Bütin dünýä biziñ aýagymyzyn aşagynda. Dünýäni biz dolandyrýas, iñ mõhüm kararlary biz kabul edýäs, erkekler bolsa bize hyzmat etmeli. Bizde hakymyz we privelegiýalarymyz köp. Şol bir wagt adamym öýde kir ýuwmaga başlaýar. Men düýn ýuwar ýaly geýim baryny goýup gaýtdym. Men adamyma işlemäge rugsat edemok. Aý,nämä geregaý? Degme öýde otursyn, öýüñ işini etsin, hojalyk dolandyryjy özi dälmi? Eger ol õýde oturmasa, men egin-eşiklerimi kim ýuwar, naharymy kim bişirer, öý-içerini kim arassalar? Bir gezek, ýadymda, adamym işlemek barada söz açdy, şonda aramyzda galmagal boldy. « -Men saña ol üçin öýlenmändim »-diydim. Adamym meniñ sözüme garşy çykjak boldy welin, men ony bir ýelmedim. Bizde, özbeklerde, bu ýagdaý adaty. Adamsyny wagtal-wagtal urup durmaýanam bir aýal bolarmaý ? Men ofisime geldim. Hemmeler maña salam berýäler. Ýagny, bizde esasan diñe aýallar işleýäler. Bolmanam näme, men şeýle wajyp we jogapkärçilikli zatlary erkeklere ynanyp bilerinmi! Tem bolee, alymlar aýallaryñ erkeklerden has akyllydygyny subudam etdiler! Erkeklerem işleýäler bizde, ýöne köplenç olar ýa ofis arassalamak ýa-da sekretar ýaly gara işleri ýerine ýetirýäler. Ine-de meniñ sekretarym. Ýaman gowja oglan, õzune çekiji muskullary bar. Özem diñe şol sebäpli ol meniñ sekretarym. Bar edýän işi-mana çaý ýa-da kofe getirmek, ýa-da kä wagtlar ol meniñ joralarymy ýa-da biznes boýunça işdeşlerimi garşy alýa. Men öñki sekretarym meniñ azar bermegime çydap bilmän işden çykdy. Nätjek-da, meniñ bolşum şeýle. Sekretarlaryma göz gyzdyrmagy gowy görýän. Meniñ joralarymam köplenç şeýle edýäler. Aý, biz erkega, bize rugsatly bu zat. Ine, meniñ adamym ,onda ol başga gep, başga birisine seredip bir görsün, yzynyñ gowulyga barmajagyny bilýändir. Sekretarym maña mylaýymja ýylgyryşy bilen seredýä,we dil şol wagt joram Nilufardan jañ gelýä. Nilufar : -Nädýäs, şu gün çaýhana belleýäsmi ? - diýip trubka gygyrýa. -Elbetde,belleýäs,alkogolly,oglanly,şol öñküleri ýaly- diýip gülüp jogap berýän. -Bor onda,giçlik duşuşarys- -Gyzlary jañ edip çagyrmagy unudaýma- diýip trubkany goýýan we sekretaryma mylaýym ýylgyrýan. Men öz işlerime güýmenýän, bu wagt adamym bolsa öýi arassalamaga başlaýar. Hemme otaglary pylesos bilen arassalaýa, tozanlary süpürýä,pollary yuwýa. Biziñ öýümiz ullakan, arassalamak üçin iki-üç sagat wagty gidýä. Bu işden soñ, ol bazara gerekli zatlary almaga gidýä, yzyna obetdan soñ gaýdyp gelýa. Gelibem giçlik naharyny bişirmäge taýýarlyk görüp başlaýa. Meniñ iş günümiñ soñy, şatlanmagyñam wagty ýetip gelýa. Joralarym eýýäm jañ edip başladylar. Zatlarymy toplap ofisden çykyp gidýan. Taşkendin gije klublarynyñ birinde duşuşmagy gürleşipdik. Öz oturyşlyklarymyzy biz « Çaýhana » diýip atlandyrýas. Giriş gapyda joralarym öñümden çykýalar, hemme kim toplanypdyr. Ine,bu Nilufar,onuñ öz restorany bar. Bu bolsa Nargiza,öñki aý bir kompanyýanyñ direktory boldy. Kstati, Nargizanyñ iki adamysy bar,ikisinem ýüpe danylgy ýaly saklaýa. Ine bu Zarifa,adamsyna ikilik etmekde oña taý geljek ýokdur; adamsy ondan habarly, ýöne şonda-da çydaýa. Pul berýän aýaly bolsa, bolmanam nirä gitsin ? Biz,aýallar, şeýle-da.cGaraşsyz, buýsançly hem-de derzkiýe. Bize hemme zat prostitelno, sebäbi biz ýokary kasta. Biziñ elimizden hemme zat gelýä, s e b a b i b i z a ý a l l a r! Biziñ jemgiýetimizde erkekleriñ ses bermäge haky ýok,olaryñ ýerine hemme zady biz çözýas. Biz gijeki klublarda wagtymyz,biziñ adamylarymyz öýde oturýalar,nahar bişirýäler, çagalarymyz terbiýeleýäler we bize wepalylyk bilen garaşýalar. Men zordan aýak üstünde durun, menden gymmat bahaly wiskinin ysy gelýa. Serhoş bolmadyk Nilufar meni öýüme çenli getirdi. Gapyny kakýan, ýadaw adamym gapyny açýa. Stoluñ üstündamäki nahara çala gözum duşdi. Adamym « nahary gyzdyrmalymy ? » diýip soraýa. -Naharyñ gümuñe gitsin !-diýip gygyrýan, geýimlerimi zordan çykaryp zyñyp ýorgana girýan. Adamym bluzkamy, ýubkamy ýerden alyp kir yuwýan maşyna salýa. Ýöne meniñ eýýam bu zatlara seretmäge ýagdaýym ýok, men gaty ýadadym. Sagat yakymsyz sesi bilen jyrlaýar. Taşkentde dañdan sagat 4…