Gözel sährada...
Gülleriň ysyndan serhoş bu sähra
Özi ýaly serhoş edýär geleni
Menen şol sähranyň şerabyn içip
Alyp ele kagyz bilen galamy
Tebigatyň tarypyny ýetirýän
Her günümi goşgy ýazyp ötürýän
Arkaýyn dynç alyp saýaly ýerde
Kölegede kölegeläp oturýan
Terje miweleriň ysyny ysgap
Içýärin çeşmäniň arassa suwun
Gör nähili ,gör nähili ajap gün
Bu gün
Synlap gözelligi asla doýma ýok
Gözel ýaýlam wasbyň dilden goýma ýok
Gerçeknazar Amannazarow