tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Oýlanmalar » Durmuş barada oýlanma (dowamy)


Durmuş barada oýlanma (dowamy)

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Soňky günlerde näme üçindir ýene-de dünýäň içinde öz pikir girdabymda ýitip gitdim. Edilmeli işleriň mukdar taýdan köplügi we hil taýdan agyrlygy ýadyma düşdikçe, egnim çöken ýaly bolup gidýän. Bu ýagdaý arkaly özümiň nähili nalajedeýin, nähili ejizdigimi has aýdyň görýärin we kabul edýärin. Çar tarapdan gelýän wesweseler, nebsimiň şeýtany bilen birlikde güýç birikdirip, öz hile torlaryna erkimi çorap awlaýyşlary, öz säwliklerim arkaly wyždanymyň olara garşy göreşmegini täsirsiz hala getirişim hem bu ýagdaýyň teswiri. Onuň üstesine, meni tanaýan ynsanlaryň maňa bolan garaýyşlaryny beýgeltmek üçin edýän oýunjagaşlarym, goýýan ýazgylarym arkaly olaryň ünslerini öz üstüme çekip, hormatlaryny şeýtan tärleri bilen gazanjak bolşum, ýöne gerekli ýerinde wajyp meselelerde olaryň menden garaşýan oňat ädimlerime ýetersiz bolup, jogap berip bilmeýşim hem urna bolýar.

Mukaddes Remezan aýyna girilmegi arkaly, özüme, nebsime, käbir isleglerime “haý, dur!” diýip, dogry ýola gelmelidigimi bilsemem, bu babatda Biribaryň aýratyn ykramlarynyň barlygyny bilsemem, şol ýagdaýa biparh garamak bilen şol mümkinçilikleri hem öz elimiň tersi bilen itberýän ýalydym. Bu babatda umumy manyda:"...oraza aýynda diňeje garyn we agzy nahar iýmezlik bilen däl-de, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bilen, eliňi - harama uzatmazlyk bilen, aýagyňy - harama gitmezlik bilen, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bilen, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bilen, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bilen, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bilen, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bilen hem tälim etmeli, ynha, şonda Biribar seniň gören gözüň, eşiden gulagyň we tutan eliň bolar..." diýlenini bilmegim hem maňa kän bir peýda edip baranokdy. Öňkileriň aýdyp geçen oňat ündewlerinden käbiri ýadyma düşýär:

“1- Ýol görkeziji isleseň Hz.Muhammed (SAW) ýeter;
2- Dost isleseň Kuran ýeter;
3- Maslahat isleseň ölüm ýeter;
4- Baýlyk isleseň kanagat ýeter;
5- Duşman isleseň nebis ýeter!”

Ynha, bu we muňa meňzeş oňat hakykatdyr ündewleri bilmek hem ýetenok. Içimden:”Eger diňeje bilmek bilen bolýan bolsady, onda Şeýtan melekleriň serkerdesi bolup galardy. Biribaryň buýrugyna boýun towlany we bilýän hakykatdyr dogry bilimleri bilen amal etmeýäni üçin baky synagdan ýykylmanmydy eýsem?!” diýip pikir edýärdim.

Kämahal bolsa özümi “näme üçin?!”lerim bilen heläk edýärdim. “Näme üçin men dogry bilýänlerim bilen amal edip bilemok?! Näme üçin men säwlikler bilen doly?! Näme üçin men erkimi wyždanymyň eline berip bilemok?! Näme üçin men ynsanlara, onda-da maňa ynanan, bil baglan ýakyn ynsanlaryma erbetlik edýärin?! Näme üçin men ....” Ejizligim hem-de käbir meselelerde ýetersizligime garamazdan, görünmek üçin şeýdýänligimden bolmaly, elbetde!

“Men bulara çäräni nirede tapmaly?! Kimlerden maslahat almaly?! Nämeler etmeli?!” we ş.m. soraglar aklyma gelýär. Şonda ýaşap geçen we ýaşaýan beýik şahsyýetleriň amal taýdan göreldeli durmuşlaryna, bilimdir höküm taýdan ýazanlaryna tabyn bolmalydygymy, aýratynam, olaryň daşyndan özümiň hiçligimi takyk ýagdaýda kabul edip, Biribaryň dergahyna başymy goýup ýalbarmalydygymy wyždanym aýdýan ýaly.
Men hem şonuň üçin Allaha ýalbarmakçy bu babatda:

Allahym, bilip ýa-da unudyp günädir hata eden bolsam, bu sebäpli meni hasaba çekme we meni bagyşla! Allahym, meniň isleýiş we amal ediş laýyklygyma görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikligiň şany boýunça gözellikleri, haýry, Jennetiňi we ş.m. ber! Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla! Eý, meniň daş-keşbimi (gözlerimi, gulaklarymy, ellerimi, aýaklarymy we beýleki synalarymy ýerbe-ýer we) gözel ýaradan, Allahym, meniň ahlagymy-da (iç-keşbimi, häsiýetlerimi, Saňa bolan ynanjymy, özümi alyp baryşymy we ş.m.) gözel ýarat! Eý, kalplary hakykata we dalalata öwürýän, Allahym, meniň kalbymy Yslam dini boýunça berkle! Meni dogry ýola gönükdir! Öz nygmat berenleriň ýoluna gönükdir, gazabyňa duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna däl! Soňky günlerde näme üçindir ýene-de dünýäň içinde öz pikir girdabymda ýitip gitdim. Edilmeli işleriň mukdar taýdan köplügi we hil taýdan agyrlygy ýadyma düşdikçe, egnim çöken ýaly bolup gidýän. Bu ýagdaý arkaly özümiň nähili nalajedeýin, nähili ejizdigimi has aýdyň görýärin we kabul edýärin. Çar tarapdan gelýän wesweseler, nebsimiň şeýtany bilen birlikde güýç birikdirip, öz hile torlaryna erkimi çorap awlaýyşlary, öz säwliklerim arkaly wyždanymyň olara garşy göreşmegini täsirsiz hala getirişim hem bu ýagdaýyň teswiri. Onuň üstesine, meni tanaýan ynsanlaryň maňa bolan garaýyşlaryny beýgeltmek üçin edýän oýunjagaşlarym, goýýan ýazgylarym arkaly olaryň ünslerini öz üstüme çekip, hormatlaryny şeýtan tärleri bilen gazanjak bolşum, ýöne gerekli ýerinde wajyp meselelerde olaryň menden garaşýan oňat ädimlerime ýetersiz bolup, jogap berip bilmeýşim hem urna bolýar.

Mukaddes Remezan aýyna girilmegi arkaly, özüme, nebsime, käbir isleglerime “haý, dur!” diýip, dogry ýola gelmelidigimi bilsemem, bu babatda Biribaryň aýratyn ykramlarynyň barlygyny bilsemem, şol ýagdaýa biparh garamak bilen şol mümkinçilikleri hem öz elimiň tersi bilen itberýän ýalydym. Bu babatda umumy manyda:"...oraza aýynda diňeje garyn we agzy nahar iýmezlik bilen däl-de, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bilen, eliňi - harama uzatmazlyk bilen, aýagyňy - harama gitmezlik bilen, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bilen, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bilen, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bilen, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bilen, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bilen hem tälim etmeli, ynha, şonda Biribar seniň gören gözüň, eşiden gulagyň we tutan eliň bolar..." diýlenini bilmegim hem maňa kän bir peýda edip baranokdy. Öňkileriň aýdyp geçen oňat ündewlerinden käbiri ýadyma düşýär:

“1- Ýol görkeziji isleseň Hz.Muhammed (SAW) ýeter;
2- Dost isleseň Kuran ýeter;
3- Maslahat isleseň ölüm ýeter;
4- Baýlyk isleseň kanagat ýeter;
5- Duşman isleseň nebis ýeter!”

Ynha, bu we muňa meňzeş oňat hakykatdyr ündewleri bilmek hem ýetenok. Içimden:”Eger diňeje bilmek bilen bolýan bolsady, onda Şeýtan melekleriň serkerdesi bolup galardy. Biribaryň buýrugyna boýun towlany we bilýän hakykatdyr dogry bilimleri bilen amal etmeýäni üçin baky synagdan ýykylmanmydy eýsem?!” diýip pikir edýärdim.

Kämahal bolsa özümi “näme üçin?!”lerim bilen heläk edýärdim. “Näme üçin men dogry bilýänlerim bilen amal edip bilemok?! Näme üçin men säwlikler bilen doly?! Näme üçin men erkimi wyždanymyň eline berip bilemok?! Näme üçin men ynsanlara, onda-da maňa ynanan, bil baglan ýakyn ynsanlaryma erbetlik edýärin?! Näme üçin men ....” Ejizligim hem-de käbir meselelerde ýetersizligime garamazdan, görünmek üçin şeýdýänligimden bolmaly, elbetde!

“Men bulara çäräni nirede tapmaly?! Kimlerden maslahat almaly?! Nämeler etmeli?!” we ş.m. soraglar aklyma gelýär. Şonda ýaşap geçen we ýaşaýan beýik şahsyýetleriň amal taýdan göreldeli durmuşlaryna, bilimdir höküm taýdan ýazanlaryna tabyn bolmalydygymy, aýratynam, olaryň daşyndan özümiň hiçligimi takyk ýagdaýda kabul edip, Biribaryň dergahyna başymy goýup ýalbarmalydygymy wyždanym aýdýan ýaly.
Men hem şonuň üçin Allaha ýalbarmakçy bu babatda:

Allahym, bilip ýa-da unudyp günädir hata eden bolsam, bu sebäpli meni hasaba çekme we meni bagyşla! Allahym, meniň isleýiş we amal ediş laýyklygyma görä däl, eýsem-de bolsa, Öz Beýikligiň şany boýunça gözellikleri, haýry, Jennetiňi we ş.m. ber! Eý, lutuf we ykramy çäksiz bolan, Rabbim, meniň geçen we gelen günälerimi bagyşla! Eý, meniň daş-keşbimi (gözlerimi, gulaklarymy, ellerimi, aýaklarymy we beýleki synalarymy ýerbe-ýer we) gözel ýaradan, Allahym, meniň ahlagymy-da (iç-keşbimi, häsiýetlerimi, Saňa bolan ynanjymy, özümi alyp baryşymy we ş.m.) gözel ýarat! Eý, kalplary hakykata we dalalata öwürýän, Allahym, meniň kalbymy Yslam dini boýunça berkle! Meni dogry ýola gönükdir! Öz nygmat berenleriň ýoluna gönükdir, gazabyňa duçar bolan we dalalata sapanlaryň ýoluna däl! Meni elinden, dilinden we kalbyndan beýleki ynsanlara zeper ýetirmeýän kämil ynsanlardan eýle! Maňa Özüňe ýakynlyk ber!

Ämin!

Ämin!

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Oýlanmalar » Durmuş barada oýlanma (dowamy)