tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Käteler ,,çüw" diýen ykbal atymyñ


Käteler ,,çüw" diýen ykbal atymyñ

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Käteler ,çüw" diýip ykbal atyma,
Jylawuny goýbererdim erkine,
Emma welin sadalygyñ derdinden,
Ynamymy baglapdyryn herkime.

Şunça jydap mert boljak bolamda,
Çygjarypdy gözlerimiñ owasy,
Gussalarym agram salyp ýüregme,
Azalypdy öýkenimiñ howasy.

Şygyr ýazmak aklyma-da gelmezdi,
Kynçylyklañ möwç urýan pursady,
,,Ý:az" diýenem bolmandy-la aslynda,
Ylhamymdan özüm aldym rugsady.

Illeñki deý çagalygmy ýatlamda,
Bagtlysyrap asman sary uçmam ýok,
Ýowuz geçen günlerim-ä arkada,
Şükür ýöne, dogulanma puşman ýok.

Hergiz indi, boş wagt tapsam, dessine,
Geçmişim geçirip kagyz gatyna,
Jylawuny berk tutup saklaýan,
Käteler ,,çüw" diýen ykbal atymyñ...

Awtory: Baýram Bejidow

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Käteler ,,çüw" diýen ykbal atymyñ