tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Beýik Oguz döwleti


Beýik Oguz döwleti

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Oguz türkmen döwleti aýratyn döwlet hökmünde VIII asyrda döräpdir. Beýik oguz türkmen döwletiniň eýelän meýdany Hazar deňziniň gündogar kenarlaryndan başlap, Balhaş kölüne çenli bolan aralyklarydyr. Oguz hanyň hökümdarlyk süren ýeri Oguz ýurdy diýlip atlandyrylypdyr.  Oguz iliniň ynanjy Gök bolupdyr, Taňry diýip göge düşünipdirler, şonuň üçin Taňry diýmegiň bir manysy Gökdür. Olar göktaňry dinine, ýeke taňrylyga ynanypdyrlar. Dili gadymy türkmen dilidir diyilýär. Oguz döwletiniň adynyň yzynda «ýabgu», «ýabgy» sözleri durýar, ol «Beýik» diyen türkmen sözüni aňladyp, döwletiň uly hanlyk derejesini görkezýän alamat hökmünde häsiýetlendirilýär. Hormatly «ýabgu» adyny göterýän Oguz hökümdary Syrderýanyň (Seyhunyň) Aral kölüne guýýan ýerinde ýerleşýän merkezi şäher – Ýaňykentde oturypdyr. Ýabgularyň möhürlerini we permanlaryny «tugrag» («tugra») diyip atlandyrypdyrlar. Döwlet işlerini oguzlar ýygnaklar geçirip, geňeş arkaly çözüpdirler. Oguz türkmenleri özleriniň süri-süri goýun, at, düýe ýaly mallaryny Merkezi Aziýa sähralyklarynda bakypdyrlar. Oturymly ilaty «ýatyk» diyip atlandyrypdyrlar. Türkmenleriň öndürýän ak keçeleri, halylary, kilimleri dünýä belli bolupdyr. Oguzlar keçeden, gaýyşdan ädik tikipdirler. Oguz türkmenleri zergärçilik bilen hem meşgul bolupdyrlar. Oguz türkmenleri söwdany haryt çalşygy we pul görnüşlerinde edipdirler. Oguzlar özleriniň jemgyýetçilik gurluşlary boýunca 24 taýpadan ybarat bolup, döwleti taýpa birleşigi boýunca edara edipdirler

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Beýik Oguz döwleti