Merkeziýa Aziýanyñ çäklerinde Kuşan imperiýasy ýykylandan soñ Eftalylar döwleti döreýär. Olar käbir çeşmelerde "ak hunlar", "hionitler”, “kidarlylar” diýip atlandyrlypdyr. 440 njy ýylda dörän bu döwletiñ paýtagty Belh bolupdyr.
Ak hunlaryñ bir bölegi Kabul şäheriniñ golaýyndaky Kuşanlylary ýeñip Hindistana tarap açylmana dowam edipdirler, soñra Hindistandaky Ind we Gang ýerlerini 510 njy ýylda almany başardylar.
Bu döwlet ikä aýrylyp ýöredilerdi, we hökümdarlaryñ Tañry tarapyndan berilendigine ynanardylar. Gün Gündogardan dogany sebäpli Gündogar tarapy mukaddes hasaplanardy.
Eftalylaryñ döwürdeş döwleti Sasanylar bolupdyr. Olar 5 nji asyrda Horasany eýelemek üçin bäsdeşipdirler. Bu bäsleşik soñabaka urşa öwrülipdir. Sasany hökümdary Bahram Guruñ goşunlary Mary şäheriniň golaýyndaky Kuşmeýhanyň ýanynda, soñra Ýezdigerd II goşunlary Balkan sebitinde eftalylary ýeňipdirler.
Ýezdigerdiň ogly Perozyñ döwründe sasanylar bilen eftalylaryñ arasyndaky oñuşmazlyk has-da güýçlenipdir. Peroz eftalylara uruş yglan edipdir. Bu uruşda Peroz eftalylara ýesir düşüpdir. Peroz olaryñ öñünde dyz çöküp ötünç sorapdyr. Şeýlelik bilen goşununy halas etdi. Aralary gowy boldy diýlip başlanda Peroz ýene eftalylara uruş yglan edipdir we bolan uruşda goşuny bilen bilelikde heläk bolupdyr.
Şondan soñ Sasany döwleti uzak wagtlap eftalylara paç tölemäge boýun bolupdyr. Perozyñ ogly Kawadyñ döwründe hem sasanylar eftalylara salgyt töläpdirler.
Şo wagtlar güýçlenen Göktürk döwleti eftalylary rahatsyz edýärdi. Hem bu wagtlar eftalylar döwleti gowşapdy. Mundan peýdalanan Sasany döwleti Göktürkler bilen ylalaşyp eftalylara agyr urgy urandyr. Netijede eftalylar 567 nji ýylda doly dagandyrlar.
Eftalylar döwletiniň döremegi
Страница: 1
Сообщений 1 страница 1 из 1
Поделиться12021-09-20 23:35:27
Страница: 1