Daşoguz welaýatynda, gadymy Horezm döwletiniň paýtagty bolan Gadymy Ürgenç şäheriniň galandylarynyň ýanynda gurlan şäher. Daşoguz welaýatynda etrap we onuň merkezi şäheri. Bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Hytaý senenamalarynda onuň ady Ýuýe-Gän görnüşinde duş gelýär. 712-nji ýylda bu sebite araplar aralaşandan soňra, Gürgenjiň ady Jürjan, döwletiň ady hem Jürjaniýa görnüşinde arapçalaşdyrylýar.
995-nji ýylda Gürgenjiň emiri Mamun ibn Muhammet bu döwletiň özbaşdaklygyny gazanyp nesilşalygy ýola goýýar. Bu nesilşalygyň XI asyrdaky wekili Mamun ibn Mamunyň döwründe Köneürgenç döwleti öz ösüşiniň iň ýokary derejesine çykýar.
bu ýerde Biruny, Abu Aly ibn Sina ýaly görnükli alymlar zähmet çekýärler. 1097-nji ýýlda bu ülke Seljukly türkmen döwletiniň ygtyýaryna geçýär. Bu şäher 1221 nji ýylda Çingiz han, 1388 nji ýyldada Teýmir tarapyndan ýumrulýar. XV asyrdan soňra şäheriň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgedilýär, şäher hem suwsuz galýar. Köneürgenç döwletiniň şol wagtky hany Abylgazy 1646-njy ýylda paýtagty bu şäherden derýanyň ýakasynda, köne paýtagtdan 190 kilometr uzaklykda gurlan täze şähere göçürýär. Şu wakadan soň täze paýtagta Ýaňy (täze) Ürgenç, köne paýtagta hem Köneürgenç diýen at dakylýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1985-nji ýylda ýörite karar bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan etdi. Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, Törebeg hanymyň, Tekeş soltanyň, Il Arslanyň atlary bilen baglanyşykly ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.
Köneürgenç şäheriniň ösmegi
Страница: 1
Сообщений 1 страница 1 из 1
Поделиться12021-09-21 15:33:47
Страница: 1