Häzirki döwürde internet älemi we tehnologiýa ylmy ýokary depginler bilen ösýär. Her gün täze enjamlar, täze önümler öndürilýär. Ýöne tehnologiýanyň peýdasy bolşy ýaly zyýanyda köpdir. Olaram elmydama çagalarymyz bilen baglanşykly bir mesele. Çagalar telefon oýnamany gowy görýär. Olar ony güýmenje hasap etýär. Ýöne çagalaryň telefony wagtyndan köp oýnamagy oňa uly zyýan berip biler. Telefonda radiasiýa bardyr. Ol radiasiýalar adamyň göniden-göni kellesine baryp urýar. Şo sebäpli söz çagalara gelende olary goramak has wajyp bolup durýar. Bu ýerde iň uly iş ene-ata düşýär. Ene atalar çagalara telefony wagtynda berip wagtynda almany başarmaly. Ýagny her ene ata çagasynyň saglygy üçin el ýeterli enjamlara çäklendirmeler goýmaly. Bu çäklendirmelerde çaga 1 sagat ýaly tel oýnasa 6 sagat ýaly başga zatlar bilen meşgul bolmaly, aktiwasiýalar bilen meşgul bolmaly. Ene atasy muny oňa buýurmaly. Diýenini etdirmeli. Eger ene atada tehnologiýa baglanan bolsa onda işler biraz kyn, sebäbi bu ýerde ene ata öz çagasyna hiç çäklendirmeler goýman, gaýta özi şo enjamlar bilen gije gündiz başagaý. Muny gören çagasam ene atasyndan görüp tehnologiýa baglysy bolýar. Sebäbi çagalar gören zadyny gaýtalamana ukyplydyrlar. Şo sebäpli çagalary ene atalar kontrollyk edip durmaly.
Çagalary telefon we kompýuterden nädip goramaly ?
Страница: 1
Сообщений 1 страница 1 из 1
Страница: 1