tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Aleksandr Hodzko


Aleksandr Hodzko

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Türkmen edebiýaty dünýäsine, onuň halk döredijilik dünýäsine ilkinji gezek sapar eden adamyň ömür ýoluna, onuň döredijilik işine degişli maglumatlar bilen habarly bolmak gyzyksyz däl bolsa gerek. Aleksandr Hodzko Eýranda konsul bolup işlän birnäçe ýylynda türkmenlere degişli, olaryň taryhyna, etnografiýasyna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplapdyr. Ýaşlygyndan Gündogar bilen gyzyklanyp başlan Aleksandr Hodzko Magtymgulynyň üç goşgusyny, Keminäniň bir goşgusyny toplap çap etmek hem-de Garajaoglanyň döredijiligini öwrenmek bilen kanagatlanandyr öýdemzok. Ol türkmenler bilen duşuşyp, olar bilen birnäçe wagtlap söhbetdeş bolup, belki-de, bu söhbetdeşlikler bir gezek bilen çäklenen hem däldir, ýerli halkyň ertekilerini, nakyllaryny, rowaýatlaryny... ýazyp alan däldir diýsek, ýalňyş bolmagy mümkin.
Aleksandr Hodzko 1842-nji ýylda Londonda kitabyny neşir etdirende, toplan maglumatlarynyň ählisiniň kitaba ýerleşmän galanlygy baradaky pikiri hem aradan aýyrmaly däldiris. Eger şeýle ähtimallyk bolanlygynda, onda alymyň başga toplan maglumatlarynyň ykbaly bilen gyzyklanmak bu ugurda işleýän her bir adamy öz erkine goýmasa gerek. Beýik ýüpek ýolunyň köp böleginiň Türkmenistanyň üstünden geçmegi bilen baglylykda edebi gatnaşyklaryň ösen häzirki döwründe “bolsadymyzyň” amala aşmagy hyýaly bir zat däldir.
Doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçilen türkmen halkynyň beýik ogly, türkmen edebiýatynyň esasyny goýan Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň öwrenilip ýörlenine iki asyrdan hem gowrak wagt bolupdyr. Beýik şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde ilkinji kerpiç goýan Aleksandr Hodzkodyr. Onuň “Populýar pars poeziýasyndan parçalar” (London, 1842) atly kitabynda türkmen şygrynyň we halk döredijiliginiň nusgalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Aleksandr Hodzko