tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Täsin bloglar » Size mälimmi?


Size mälimmi?

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Iň köp elektrigi özünde jemleýän tokly ýylan balygy Braziliýanyň we Gaýananyň derýala­rynda ýaşaýar. Uzynlygy 1,8 metre ýetýän bu balyk ýyrtyjy balyklaryň maşgalasyna degişli­dir. Ýylan balygynyň bedeniniň tok çykarýan böle­gi jübüt synadan ybaratdyr. Tokly ýylan baly­gy öz awyny awlan wagty 650 wolta çenli elektrik toguny çykaryp bilýär. *** Awtoulagymyzda “ýangyç gutardy” ýa-da “ýangyç gutaryp gelýär” diýen duýduryş çyra­jygy (bu çyrajygy köplenç gyzyl we goýy sa­ry reňkde bolýar) ýananda özümize golaý bo­lan ýangyç bekediniň nirede ýerleşýändigi barasynda pikirlenip başlaýarys. Muňa garamazdan, duýduryş çyrajygy ýanan wagty awtoulagyň ýangyç pompasy bilen ýangyç gabynyň arasyndaky turbalarda 2-3 litre çenli benzin galýar. Az mukdardaky ýangyç bilen 40-60 kilometre çenli ýol geçmek mümkin. Ýöreljek ýol awtoulagyň kysymyna we ýangyjy ýakyşyna gö­rä üýtgäp bilýär. *** Bananyň düzüminde ýokary derejede aşgar kislotasy (tannic acid) bar. Bişen ba­nandaky aşgar kislotasy onuň beýleki düzüm böleklerini hem öz içine alýar. Heniz bişmedik, reňki ýaşyl bolan bananda aşgar kislotasy bolmaýar. Şol sebäpdenem dilimizi ýylmanak hala getirýän glikozaminoglikan (bu adalganyň başga ady muko­polisakarid) atly maddanyň bolmagyna-da päsgelçilik döreýär. Şeýlelikde, dilimiz gurap, agzymyzda turşumtyk, gamaşdyryjy tagam döreýär. Şol bir wagtyň özün­de bişmedik bananda örän ýokary derejede krahmal bar.

Haýwanat dünýäsindäki janly-jandarlaryň dur­muşy, iýmitlenişi, aýratynlyklary hakynda bil­ýän zatlarymyzdan bilmeýän zatlarymyz köp bolsa gerek.
Muňa garamazdan, tebigat hakynda bilme­ýän zatlarymyzyň sany ýyl-ýyldan azalýar. Mysal üçin, sanlyja ýylyň içinde geçirilen bar­laglaryň netijesinde Aziýanyň günorta-gündo­garynda ösümlikleriň we haýwanlaryň 163 görnüşi tapyldy. Bu barada Tebigaty gorama­gyň halkara gaznasy (World Wildlife Fund - WWF) habar berýär. Tapylan janly-jandarla­ryň arasynda ösümlikleriň ýüzüsi, balyklaryň 28-isi, süýrenijileriň 18-isi, ýerde we suwda ýaşaýan haýwanlaryň 14-üsi, süýdemdirijile­riň ikisi, guşlaryň bolsa bir görnüşi bar.
Geliň, indi bolsa käbir haýwanlara, olaryň aýratynlyklaryna seredip geçeliň.

Atlar

Atlar täsin we duýgur haýwanlaryň hataryna girýär. Atlaryň aýratynlyklarynyň bi­ri, olaryň gözleriniň biri-birine garaşsyz ýagdaýda görýänligidir. Ýagny, atyň her gözi aýratyn bir zady görüp bilýär. Şeýle-de, atlar şol bir wagtyň özünde öňüni, iki gapdalyny we yzyny görüp bilýär.

Balary

Balarylarynyň özboluşly täsin dünýäsi bar. Olaryň ynsanlaryň saglygy üçin zerur bolan iýmitleriň möhümini - baly berýändigi bolsa her birimize mälim bolsa ge­rek. Balarylary örän işeňňir jandarlardyr. Balarylarynyň bäş gözi bar. Olaryň üçü­si kellesiniň ýokarky böleginde, ikisi öňünde ýerleşýär. Balarylarynyň geň galaýma­ly aýratynlyklarynyň biri, öz bellän iýmitiniň ýanyna dört minutyň dowamynda ba­ryp ýetip bilmese, öz iýmitiniň nirededigini unudýar, ýadyndan çykarýar.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Täsin bloglar » Size mälimmi?