Saýt bu häzirki döwürde düşünjeleri, maglumatlary, ýada islendik bir zady beýan etmek üçin ulanylýan web sahypalardyr. Internediň bolmazsa bolmazy saýtlardyr. Saýtlar görnüşlere bölünýär. Kärhanalar, guramalar, birleşikler we iş ýerleri üçin netlenen ýörite saýt operatorlary bar. Saýt islendik zat üçin açylyp biliner. Şahsy saýtlar bolsa öz pikirleriňi, öz gündelik durmuşyňy, bolup geçen zatlary beýan etmek üçin açylýar. Bulara başgaça ýagdaýda "vlog" hem diýilýär. Forum saýtlary, forum saýtlaryna umumy düşünjeleri okamak bilmek, öwrenmek ýada beýan etmek üçin gurulýar. Forum saýtlary bir toplumy göterýändir. Forum saýtlary hem toparlara bölünýär. Bir topar üçin, kärhana birleşikleri üçin, iş düşünjeleri üçin forum saýtlary açylýar. Saýtlar internediň esasy çeşmesi bolany üçin olar internetde gaty uly yer tutýandyr. 2014-njy ýylyň hasabyna görä 3.5 millartdan gowrak saýt bar.
Täzelik ýagny habar saýtlary hem internet saýtlarynyň köp bölegini eýeleýär. Islendik bir täzeligi, habary, bolup geçen wakalary biz habar saýtlarynyň üsti bilen öwrenýäris. Iň meşhur habar saýtlary bolan BBC, Euronews, The Guardian, DW, Daily mail internetde uly ýer tutýar. Saýtlaryň açylyş şekline görä ösüşi kadalaşýandyr. Açylan saýt islendik bir zady özüne maksat tutunmalydyr, düzgünleri bolmalydyr
Saýt näme üçin açylýar ?
Страница: 1
Сообщений 1 страница 1 из 1
Поделиться12021-09-24 23:01:53
Страница: 1