tmbloglar.fun

, ! .


» tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Agtaryş


Agtaryş

1 1 1

1

Müňlerçe ýyl mundan ozal iki filosof Liwanyň dag eňňitlerinde biri-birine gabat gelipdirler.
Nirä ugradyň? diýip, olaryň birisi sorapdyr. Beýlekisi oňa şeýle jogap beripdir:
Men juwanlygyň çeşmesini gözleýän, meniň bilşime görä, ol şu dagyň gerişlerinden çogup çykýar. Meniň okan gadymy kitaplarymda bu çeşme barada gürrüň gozgalyp, onuň edil gül ýaly Güne sary uzaýandygy barada agzalýar.
Siz näme gözleýärsiňiz?
Men ölümiň syrlaryny agtarýaryn diýip, birinji dillenipdir.
Iki filosof biri-birini uly ylymdan paý berilmänlikde, ruhy körlükde aýyplap, boş jedelleşip ugrapdyrlar.
Filosoflar seslerine bat berip durkalar, olaryň deňinden öz obasynda sada adam hökmünde tanalýan ýolagçy geçip barýan eken. Ol iki adamyň bir zat barada göçgünli jedelleşýändigini eşidip, aýak çekipdir. Soňra ol ikisiniň hem getirýän delillerine gulak goýup, olara golaý baryp, şeýle diýipdir:
Dostlar, görýän welin, ikiňiz hem, bir filosofiýa mekdebine degişli öýdýän, çünki siziň ikiňizem, diňe dürli sözler bilen şol bir zat hakda söz açýarsyňyz. Siziň biriňiz juwanlygyň çeşmesini gözleýän bolsaňyz, beýlekiňiz ölümiň syrlaryny agtarýarsyňyz. Olar aslyýetine seredeniňde, biri-birinden aýrylmaz baglanyşykly bolup, olaryň her biri ýeke-täk bitewi zat hökmünde siziň aňyňyza ornaşypdyr.
Hoş galyň, akyldarlar diýip, nätanyş ýola düşüpdir. Olardan biraz arany açyp, hoşgöwünlilik bilen gülüp goýberipdir.
Iki filosof sähelçe wagt ümsümlikden soňra, biri-biriniň ýüzüne seredişip, gülmäge başlapdyrlar.
Onda näme?! diýip, olaryň biri seslenipdir: Ýör, onda bilelikde gözläli!

0

«»



» tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Agtaryş