Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina, Günbatarda Awisenna – filosoflaryň şasy, Gündogarda Abu Aly ibn Sina – bolsa, ol Aş-Şeýh-ar-Reýis ady bilen arap dünýäsinde uly meşhurlygyna eýedir. Bu Beýik adam, orta asyrlaryň beýik alymy, akyldary barada dünýäde köpsanly rowaýatlar aýdylandyr.Gollanma.com Abu Ali Ibn Sina
Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdulla ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina Merkezi Aziýaly beýik alym – ensiklopediýaçydyr. Ol 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buharanyň ýakynynda ýerleşýän uly bolmadyk Afşana obasynda (Özbegistan respublikasynyň häzirki Buhara welaýaty) eneden dogulýar. Häzirki Afşana obasy irki orta asyrlarda türkmen taýpasy afşarlaryň döreden şäheridir (afşarlar
häzirki wagtda Eýranda, Türkiýede ýaşaýarlar). Akyldaryň soňky ady Ýewropada “Awnsina (Авиценна, Avicenna)” ady bilen ýoýulýar. “Sina” dari dilinde “merjeni deşiji (swerleýji)” manyda türkmen diline terjime edilýär.
Muhammet Musa al-Horezmi, Abu Reýhan Biruny ýaly alymlardan tapawutlylykda Abu Aly ibn Sina gysga bolsa-da, özüniň terjimehalyny galdyryp gidipdir. Ol “Ömür ýazgysy” diýenat bilen taryha giripdir. Akyldaryň ylmy mirasyny öwrenýän, onuň aýry – aýry eseri hakda pikir ýöredýän her bir adam “Ömür ýazgysyna” seretmeli bolýar. Alymlaryň köp sanlysy traktatyň mazmunyny berse, käbirleri öz kitaplarynda terjimesini doly berýärler.
Abu Aly ibn Sinanyň “Ömür ýazgysy” atly eseri özi hemde şägirdi (okuwçysy) Abu Ubeýda Juzjany tarapyndan ýazylypdyr. Olar bir-birinden ujypsyz tapawutlanýan iki görnüşde ýazylypdyr. Bu traktatyň has irräk ýazylan nusgasy Abul Hasan Beýhaky tarapyndan 1160-njy ýylda ýazylypdyr. Has soňky mysaly bolsa arap alymlary tarapyndan ýazylýar. Bu bolsa alKiftiniň “Akyldarlaryň taryhy” (1200 ý.) we Usaýbiýanyň “Lukmanlaryň terjimehallary” hakynda maglumatlaryň çeşmesi (1242 ý.) diýen traktatynda berilýär.
X asyryň taryhçy alymy Muhammet Narşahynyň bellemegine görä akyldaryň ýaşan döwründe Afşana obasy “Afşana uly şäherden” we güýçli berkitmeden durýar. Şähere birnäçe obalar (ýaşaýyşlar) degişli bolup, ol ýerde hepdelik bazar bolýar we kesgitlenen günlerde adamlar ol ýere (Afşana) şäherden çykyp mukaddes ýer hökmünde zyýarat edýärler‖ diýip belleýär.Ibn Sinanyň kakasy Abdallah ibn Hasan medeniýetli we özbaşdak adam bolupdyr. Buharada ol salgytlary ýygnaýjy wezipesinde işleýär. Özüniň gulluk borjy boýunça Afşana obasynda hem bolýar, ol ýerde öz maşgalasy üçin jaý gurýar we şol obadan bir gyza öýlenýär.
“Meniň kakam, – ibn Sina özüniň awtobiografiýasynda belleýär – Balh şäherinden. Ol ýerden Buhara şäherine Nuh ibn Mansuryň hökümdarlyk edýän döwründe gelýär we köşk diwanynda – konselýäriýa işleri bilen meşgul bolýar. Oňa hökümdar Buhara şäheriniň ýakasynda ýerleşen býulikler merkeziniň biri bolan Harmaýsam sebitini dolandyrmagy tabşyrýar. Afşana ýakyn ýerleşen obalaryň birinden meniň ejemi Sitarany gelin edip alýar.
Rus alymy Ý. N. Zawadowskiniň bellemegine görä Ibn Sina Merkezi Aziýanyň pars-dary dillerinde gürleýän awtohton ilatyna degişli hasaplanylýar. Haçan-da kiçijik Hüseýin bäş ýaşyna ýetende Buhara şäherine ýaşamaga göçýärler. Buharada kiçijik Hüseýini başlangyç musulman mekdebine okuwa berýärler. Ol ýerde kiçijik Hüseýin on ýaşyna çenli okaýar. Soňra ibn Sinany kakasy Gurhany we söz (slowesnyh) ylymlaryny öwrenmege berýär. Bu ýerde hem kiçijik Hüseýin özüniň ökdeligi, ýatkeşligi bilen tapawutlanýar.
Akyldaryň kakasy material taýdan baý bolýar we ogluna ýeterlik hemme taraplaýyn bilim bermek üçin çemeleşipdir (ymtylypdyr). Onuň 5-6 ýaşynda wagty dogany Mahmyt eneden dogulýar.
Kakasy Hüseýini hindi matematikasyny öwretmek üçin matematik lakamly Mahmyt Massohyň ýanyna (käbir maglumatlarda öýüne çagyrypdyr diýlip berilýär) iberipdir. Akyldara matematikany Abu Abdullah an-Natali hem öwredýär. Ysmaýyl Zahytdin bolsa fikhiň çylşyrymly, gümürtük düzgünlerini düşündiripdir. Ol kanunlary öwreniş ylymlaryny jikme – jik has anyk ele alypdyr we delilleri esaslandyrmak üçin logikanyň zerurlygyna göz ýetiripdir. Ýaşlykda öwrenilen kanun Hüseýine çekişme geçirmegiň dürli ugurlaryny (sungatyny), delilleri emele getirmäge (formirlemäge) hem-de ýalňyş zatlara düzediş girizmägi öwredipdir. Bu zatlar tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli akyldara zerur bolupdyr.