tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Müşk ysly gabyr...


Müşk ysly gabyr...

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Irki döwürlerde Bir Täjir bar eken, munyňam ýetişen bir ogly bar eken. Täjir ogluny haýsy hünärden ugrukdyrjagyny bilmän, wagtlaýyn şäher dükanlarynyň birine satyjy edip goýupdyr. Täjiriň alys ýerlerden kerwen sürip getirýän gyz-gelinler üçin matalyklaryny şol dükanda satýan ekeni. Oglunyň aslynda medrese okamak, dini sowat almak, hak ýolunda gezmek islegi bar eken, emma kakasynyň emrinden boýun gaçyryp bilmändir. Birbada bolmasada, ýuwaş-ýuwaş bazar söwdasyna öwrenşip başlapdyr.
Bir gün şol şähere ady belli begzadanyň aýaly kenizleri bilen bazara çykypdyr. Bular aýlanyp-dolanyp ýaňky ýaş oglanyň üstünden gelipdir. Ýaňky darsdaban aýalyň ýaş oglana gözi düşip, aýallyk şehwetleri oýanyp, kellesine gara pikirler, islegler gelip başlapdyr. Beýle göze ýakymly, ýaňybir burnynyň aşagy garalyp ugran, görmekli ýigidi görüp, jyns mäzleri ýetjek derejesine ýetipdir. Öz haýasyz maksadyna ýetmek üçin hile-mekirlige ýüz urmaly bolupdyr. Ol oglanyň bolsa beýle maksatlardan habary ýok, asla-ha beýle zatlar bolup biler diýip, ýa birinden garaşaýmaly zat hökmünde aňynada getirenokmyş. Ýaňky aýal tas harydyň hemmesine ýakyn söwdasyny edip, harajadynyň bularyň hemmesine ýetmejegini, pulyň bir bölegini öýde berip biljekligini aýdypdyr. Göwnüne zat getirmedik oglan munyň bilen ylalaşypdyr. Şeýlelik bilen günüň haýsy sagadynda öýe baryp biljekligini we öý salgysyny aýdyp, oglany tora saldym hasap edip bu ýerden ugrapdyr.
Ýaňky aýdyşymyz ýaly, asla gyşyk pikiri kellesinede aýlap görmedik, zenan maşgaladan beýle zady oslamaýan, diňe öz söwdasynyň hakyny almak maksady bilen aýdylan ýere aýdylan wagtda barypdyr. Eýýäm hemme zadyň çöp döwme gurnalandygyndan bihabar gögele oglanjyk, begzadaň aýalynyň göni öz otagyna çagyrylypdyr. Hemme esasy wakalaram şu ýerden başlanýar. Has ýukadan-ýuka, aýalyň owrat hasap edilýän ýerleri güjeňläp duran biçimde geýinen aýaly görüp oglanyň haýýady göçüpdir. Onda-da soňunyň has wejeraçylyga öwrüljegini entägem göwnüne getirmedik oglan, nazaryny ýere dikip duran ýerinde pessaý sesi bilen:
- Hanym, çakylygyňyz boýunça, söwdamyzyň galan böleginiň hakyny almana gelendirin, diýipdir. Mekirje ýylgyryp oturan darsdaban aýal:
- Hakyň köýmez, hakyň gaçyp gitjek ýeri ýok, entäk nirä howlugýaň, bu gün sen meniň myhmanym bolarsyň, diýýär. Umuman, buýtar-suýtarsyz öz maksadyny açyk aýdan aýal, oglana has ýakynlaşyp, özi ilki meýil bildirip, boýnundan ýapyşyp başlan wagty, oglanyň zähresi ýarylyp, yzyna gapa tarap ylgapdyr. Gapylar-a däl, hatda sesiň ýetmejek derejede aýnalar hem berk ýapylypdyr. Eliňde gudrat bolaýmasa-ha bu ýerden çykyp bolmajagyna anyk göz ýetiren we beýle pislige özüni bulaşdyrmajak bolup, gözüni ýarym-ýaş eýläp, ýaňky aýala ýalwarmana başlapdyr. Gaýtam aýal beter meçewlenýä diýýär. Teý ahyry bolmajagyny bilensoň, oglan ylalaşypdyr we ol aýala:
- Bolýa, men razy, ýöne bir haýyşym bar, eger rugsat bolsa düşege geçmezimden ozal, aýak ýoluna baryp täretimi ýeňledip geleýin diýipdir. Aýal razy bolýar.
Bu wakalardan soň ýüregi sarsyp duran oglan aýak ýoluna gelensoň, beýle pislige bulaşmazlygyň ýeke we iň soňky ýoluny amala aşyrmak üçin tuwalediň açkosyndan (şu ýerini häzirki dilde alaýaly) elini sokup, üstüne, boýdan-başa hemme ýere nejasat çyrşap başlapdyr.
(Beýle zatlary başarmak diňe diliňde aňsat).
Şu halyna daşyna çykyp aýala golaýlaşjak mahaly, ýaňky aýal gözlerini petredip, pohuň ysyndan başy aýlanyp, oglany golaýyna getirmezlik üçin elewräp başlapdyr we batly sesi gygyryp sakçylary, kenizleri çagyrypdyr. Dem salymdan ylgap gelen kenizler, hemme gapylary açyp, oglany südenekledip daşyna kowupdyrlar. Oglanyň ýüreginde hasrat gopup, demi-demine ýetmän sojap aglap çykyp barşyna, gapydan çykan dessine şol ýerde ýüzünligine ýykylyp jan berýär...
Allatagala beýle amalyň hormatyna, Jan alyjy perişde Ezraýyla: "ýet, şol oglanyň amandyny al" diýip buýurýar.
Oglanyň jesedini äkitmäne hossarlary gelende, jesediň üstünden şeýlebir atyryň, entäge çenli görülmedik, bilinmedik anbar ysly müşküň ysy bark urup dur diýýär. Belki jennediň yslaryndan bolmagy hem mümkin diýip aýdýalar. Şol ys şol wagt hemme ýere ýaýrapdyr we oglany gabyrda jaýlap gaýdanlarynda hem gabyrdan häli-häzirem şol ys gelip durmuşyn.

Iň gyzykly we hikmetli ýeri hem şu waka aslynda bolan waka. Şol oglanyň gabyry häzir Eýranda ýerleşýär.
Bu waka köpden bäri içimde saklap ýördim. Emma şol oglanyň ady we gabrynyň haýsy şäherde ýerleşýänini ýatdan çykarypdyryn. Bu wakany maňa şol gabyra zyýarat eden aksakgalyň biri gürrüň beripdi.

Wakany okan kişiler, indi özüňiz oýlanyp, pikirleniberiň..
"Zyna" atly pislikden özümizi şeýle goranýasmy ýa oňa bolan erkimiz pesmi.. Şol Allanyň nazary düşen oglan bilen özümizi bir ýerde goýup deňeşdirip göreliň hany..
"Zyna" atly agyr günäleriň başy bolan pislikden hemmämizi Allaň özi gorasyn!.

Dark_Wolf

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Erkin bloglar » Müşk ysly gabyr...