Saňa at diýmerin gardaş diýerin
Göroglyň gardaşy bolan bedewim
Ýalňyz halatymda syrdaş diýerin
Ynsan deý duýgumy bilen bedewim
Türkmenler tanalýar halaty bilen
Taryhy ,halysy ,öz aty bilen
Men diýen gerçekleň ganaty bolan
Çarp urup çarpaýa galan bedewim
Behişdi bedewim Hakyň peşgeşi
Üstünde ýigitler sürer eşreti
Gözelleriň göle goýan keşdesi
Abraýyň dünýä dolan bedewim
Ýeňji bolup aýlawlarda aýlanan
Dünýäň ähli bedewinden saýlanan
Gardaş !
seniň wasbyň jandan söýlenen
Türkmeniň buýsanjy bolan bedewim