Seni görüp-görüp ganmady gözlem
Wasbyň ýazyp-ýazyp ýetmedi sözlem
Şeýdibem döredi dürdäne sözler
Emma näçe ýazsam ýene az ýaly
Aýdym aýdyp ýadamaýyn sen hakda
Syrly söýgüm gaýnasyn goý gursakda
Ynan janam ýaşaýarsyň ýürekde
Seniň bilen durmuş bolar ýaz ýaly