tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Buýsançnama


Buýsançnama

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Erkinligiň gadyryn bilmez hemmeler
Buýsan agam erkana biz erkana
Gül watanma hyrydardyr özgeler
Islemerin şundan başga özge ýer
Çar tarapdan myhman gelýär görmäne
Buýsan inim erkana biz erkana

Nämä gerek gybatlara gyzygyp
Ýelek kimin gaýyp ýörmek çar ýana
Nämä gerek gybatlary üýşürip
Öňem ejiz ýürekleri çişirip
Gözlerňi aç,hem azajyk pikirlen
Gözelligi göz gerekdir görmäne
Buýsan uýam erkana biz erkana

Oýlanyp gör biziň ata-babamyz
Watan diýip jan beripdir merdana
Bu gün bolsa gadyr bilmez görüpler
At dakan bolýarlar ajap zamana
Her diýlen dessana gulak gabartma
Buýsan dosdym erkana biz erkana

Buýsan dosdym buýsanmana hakyň bar
Gözde görküň,elleriňde erkiň bar
Kelläňde bar bolsa bir zerre akyl
Akylňa daýanyp pikir etmeli
Hudaýa ýüzde müň şükür etmeli
Özgerýär ýurt şany dolup jahana
Her bir zatdan gözläp ýörme bahana
Mundan gaýry söz gelmeýär dahana
Buýsan ilim erkana biz erkana

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Buýsançnama