Biz watanyň esgeri
Goraýarys watany
Watan pederlermiziň
Arzuw edip ýeteni
Biz watanyň esgeri
Aýdan sözi nagtdyr
Bilseň esgerlik döwri
Iň gaýratly wagtdyr
Garaşsyzlyga guwanmak
Halky söýmek bagtdyr
Türkmen ýigdi merdana
Hakyky goç ýigitdir
Biz watanyň esgeri
Watanyň çyn gerçegi
Biz watanyň şu güni
Hemde aýdyň geljegi
Gerek bolsa watan üçin
Bagş ederis bu seri
Çünki soňky deme çen
BIZ WATANYŇ ESGERI