tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Týuglar


Týuglar

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Ýene bir enaýy ýylgyrdy gözel
Adyny soradym diýdi ol "Gözel "
Dünýämiň  diregi Dürligözelim
Gör adyňam Gözel , özüňem gözel

*    *    *

Sergezdan men , seň yzyňda it menem
Gel boýnuma zynjyr salda it menem
Ýok, it deý wepaly bolup bilmerin
Iň gowysy bir çukura it menem

*    *    *

Gijämde Aýym sen, gündizimde Gün
Sensiz ýyla döndi her bir geçen gün
Aý  bu bagtymyza aýdyňlyk berse
Söýgümi gyzdyryp gyzaryp dur Gün

*    *    *

Gel ýanyma gel Senem
Söýdüm seni söý senem
Şeýdip bagtly bolarys
Ikimizem menem senem

*    *    *

Bir  gün dosdym ýanna çagyrdy meni
Diýdi "Ýeňip bilersiňmi sen meni"
Ony ýeňdim hiç ýeňlesim gelmedi Ýeňdim ony ýeňmedim hiç "Men-meni"

*    *    *

Ýap -ýaňyja gyzaranja tup-turşyja alma sen
Seni senden gabanaryn , meni menden alma sen
Nüçün ýürek jigläp gidýär şol ady eşdenimde
Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Týuglar