Gelýärsiň näzijek güllere dözmän,
Ynjytmak islemän onuň ýapragyn.
Towuk kimin juda ýeňil ýöreýäň,
Hatda haýran galýar saňa topragam.
Gelýärsiň sen ýeriň gaýmagyn bozman,
Gözden salmaýarsyň garynjanyda.
Soňsuz yssy söýgi bilen synlaýaň,
Ygşyldap oturan ýorunjanyda.
Bilýäňä men seni neneň söýşümi,
Saňa bar syrymy açdymda gitdim.
A sen bolsa görmän,görjegem bolman,
Duýdansyz deňimden geçdiňde gitdiň.
Aýtsana şu zatlaň baryna dözmän,
Maňa neneň dözýäň?