Öziňden öň tutdyň gara nebsiňi
Besdir haram maldan doýmadyňmy sen
Her gün eşdeniňde azan sesini
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen
Duýmadyňmy her dem seredip duran
Aý, Güni Ýer şary ýöredip duran
Ýoklukdan barlygy döredip duran
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen
Bu goşgy akylly däliler hakda
Diri gezip ýören öliler hakda
Wyždan iman barmyka ol ýürekde
Bar bolsa Allany söýmediňmi sen
Ahyr senem gara ýere girersiň
Allanyň bardygny şonda bilersiň
Soň dolanyp yza nädip gelersiň
Wagt barka Allaha uýmadyňmy sen
Oýan,Gerçek oýan gaflatdan oýan
Oýanda imanňa diniňe daýan
Seni ene ataňdan has artyk söýen
Allanyň bardygny duýmadyňmy sen