tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Saýra bagşym


Saýra bagşym

Сообщений 1 страница 3 из 3

1

Saýra bagşym

(Inim Esko bagyşlap ýazan goşgym)

Saýra bagşym owazyňa döneýin
Saýra bilbil kimin gülüň yşgynda
Aýdymlarňy diňläp-diňläp ganaýyn
Gözelligi wasp et bagtyň keşbinde

Gaýna bagşym gaýna köňül joşsunla
Göwünlermiz ganatlansyn guş bolup
Aran ýüreklere bol sen teselli
Gaýgy-gussa gitsin bizden daş bolup

Daşyndan guwanýan Esger inime
Tüweleme joşýar ýaz ýaly sesi
Görüpler badyňa badak bolmasyn
Artsyn aýdymlaryň , artsyn höwesiň

Gökdepäň ýyldyzy , toýlaň bezegi
Sen gelseň toýlaryň artar gyzygy
Taryp edip gözelligi , gözeli
Saýra sen , gaýna sen , ýaýna sen bagşym

Ýaýna bagşym bu eşretli eýýamyň
Lezzetini duýup , söýüp ýaşa sen
Belentden ýaňlansyn mahman owazyň
Adyň baky ýüreklerde ýaşasyn

(27.09.2022)

Gerçeknazar Amannazarow

0

2

Söz ýok

0

3

berdimyrat написал(а):

Söz ýok

Köp sag bol

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Saýra bagşym