tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » ​Ucaz-dan mugt saýt açmak


​Ucaz-dan mugt saýt açmak

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

​Ucaz-dan mugt saýt açmak . Ucoz.ru saýtyndan telefondan ýa-da kampýuterden , vpn-syz mugt sayt döretmek barada giňişleýin maglumat .
​Ucaz-dan mugt saýt açmak . Ucoz.ru saýtyndan telefondan ýa-da kampýuterden , vpn-syz mugt sayt döretmek barada giňişleýin maglumat .
Ucaz-dan mugt saýt açmak. Ucoz.ru saýtyndan telefondan ýa-da kampýuterden, vpn-syz mugt sayt döretmek barada giňişleýin maglumat .

Salam bloglar.ru saýtynyň hormatly agzalary we okyjylary! (bloga şu söz bilen başlamagy gowy görýän). Eger siz telefondan we kampýuterden tapawudy ýok mugt saýt açmak isleseňiz onda bloglar.ru saýtyna hoş geldiňiz!.. Ucoz-dan mugt saýt döretmek üçin vpn gerek däl ýöne azajyk hem bolsa rus dilini bilmek gerek. Rus dilini nähili gowy bilseň saýt döretmek we dolandyrmak şonça aňsat bolar. Meniň bilýänim türkmenistanda iki sany ucoz-dan açylan iki sany saýt bar.

1. Kitapcy.com

2. Hekaya.clan.su

Howwa ýokardaky saýt adminleriniň ikisem ucoz.ru -dan mugt saýt açyp ençeme ýyl bäri dolandyryp gelýärler.

Indi wagtymyzy kän ýitirmän ucoz-dan mugt saýt açalyň. Onuň üçin :

1. ucoz.ru saýtyna girmeli .

2. uCoz diýlip ýazlan ýeriň açagyndaky «Войти» basmaly .

3. Ine şu sahypadan ucoz.ru saýtyna agza bolmaly. Meniň özüm «Другие» basyp «Google» girip (biraz garaşyp) gmail poçtamy saýlap saýta agza boldum.

4. Indiki sahypa saýtyň adyny ýazmaly (meselem bloglar.ucoz.net) we ✔ bellik goýmaly. Eger öň hem açylan domen ýazsaňyz «Домен (bloglar).ucoz.net занять» diýip gyzyl hat çykar. Onuň ýerine saýtyň yzyndaky domen adyny üýtgetmeli ýa-da başga at saýlamaly .Meselem saýtyň öňüne bloglar diýip ýazan bolsaňyz onuň yzyna

ucoz.net

usite.pro

ucoz.site

ucoz.club

ucoz.org

at.ua

my1.ru

clan.su

moy.su

do.am

ucoz.pl ýaly domenlere üýtgedip bilersiňiz .

5. Soňra «Персональный сайт» diýen ýere saýt adyny ýazyp, saýt dizaýny we dilini saýlap (dizaýn bilen dili soňundan hem üýtgedip bolýar ) «Продолжить» basmaly .

6. Ine şu sahypadan saýta nähili funkýalar goşmak isleseň ✔ goýmaly we «Продолжить» basmaly .

7. Ine şu sahypa «Admin paneli » diýlip atlandyrylýar. Elbetde adminler üçin admin paneli bolmazdan saýtyň içini üýtgedip bolmaýar. Şonuň üçin admin paneli örän zerur sahypadyr. Admin paneline gysga ýoldan girmek üçin 2 ugur bilýän

1. Açan saýtyň yzyna admin (meselem https :// bloglar.ucoz net/admin) ýazyp, saýt adyny we parolyny ýazyp admin paneline girip bilersiňiz.

Bu ýerde örän möhüm zat paroldyr. Şonuň üçin parolýatdan çykarmajak we başga birine bermejek boluň.

2. Admin paneline chroma-dan girip ýokarky sag burçdaky dikligine üç nokadyň üstüne basyp «Добавить на главный екран» basyp şol sahypany telefonyň ýa-da kampýuteriň baş sahypasyna goýup islän wagtyňyz göni girip bilersiňiz .

GUTLAÝAS indi siz ucoz-dan mugt sayt açmagy öwrendiňiz. Indiki bloglarymda saýtyň içini üýtgetmegi öwretmekçi .

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow (blogger)

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » ​Ucaz-dan mugt saýt açmak