Dogrudanam, türkmen. Ýagdaýy aýdyp haýyş edýär. Gatnaşsaň razy. Ýykylman durup bilseň bolýar. Üç minutdan, üç gezege çenli — diýip tabşyrýar. Indi ýaňky ýaryşa barýar welin, garşydaşy iki gezek urýar. Ýykylmasyn-a ýykylman durýar. Ýöne çydan däldirdä:
— Menem ursam bolýarmy? — diýip soraýar. Bu söze tälimçiniň jany ýanyp:
— Wah, öldür — diýýär. Munuň garşydaşy urlarynam öýtmän duran. Ýaňky bir gezek urandan ýykylýar. Indi emin: «Bir, iki» diýip sanap başlaýar. Ýüzüni ýelpeýänem:
— Dokuza çenli turmasa, bagtyň gelýär. Sen ýeňýäň — diýýär. Onda türkmen:
— Aý, ol ertir şu wagta çenli-hä turmaz. Men obada öküz ýykyp ýören-ä — diýen. Ine, şu hekaýanam artistler ösdürip, oýnansoňlar awtory artistleriň özleridir öýdýärler» diýip, başga-da birnäçe degişmeleri gürrüň beripdi. Ol wagtlar Gurbannazar aganyň aýaly Bahar gelneje-de bardy. Häzir pahyrlaryň ikisem aýatda ýok. Onuň aýalam degişgen zenandy. Gülküli wakalary gürrüň berýär welin, «Gurbannazar aganyň wäşilikde tanalmagynda Bahar gelnejäniň halypalyk mekdebi bar ýaly bolup dur» diýdirýär.
Gurbannazar Atakgaýew 1934-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Durun obasynda doglan. Ol ilki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýekelikde aýdym aýtmak bölümini tamamlap, paýtagtymyzdaky 5-nji orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup zähmet ýoluna başlapdyr. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki N. Çerkasow adyndaky ýokary okuw mekdebinde drama we kino artisti hünärinden bilim alýar.Okuwyny tamamlandan soňra türkmen telewideniýasynda edebi-drama bölüminiň režissýory bolup işleýär. 1980-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işleýär.Ömrüniň ahyryna çenli bolsa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işledi. Ol 2011-nji ýylda ýogalypdy. Ony dogduk obasynda ýerlendi. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Iň soňky demine çenli göwni garramadyk halypady.
Akgül SAPAROWA