tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Saýt açanyňdan soň...


Saýt açanyňdan soň...

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Saýt açanyňdan soň...

Salam bloglar.ru saýtynyň hormatly agzalary we okyjylary! Geçen blogymda ucoz-dan mugt saýt açmagy başardygymdan düşündirdim.

bloglar.ru/news/702-ucaz-dan-mugt-sa-t-a-mak-ucoz-ru-sa-tyndan-telefondan-a-da-kamp-uterden-vpn-syz-mugt-sayt-d-retm.html

Bu blogymda bolsa saýt açanyňdan soň näme etmelidigini başardygymdan düşündirmekçi. Şu we öňki blogymy ünsli soňuna çenli okap bir ýere bellik etseňiz siz hem kitapcy.com we hekaya.clan.su ýaly we başgada aýdym kitaphana we ş.m bet saýt döredip bilersiňiz. Bu blogymda men iň esasy 5 sany zady öwretmekçi .

1. Admin paneline girmek

2. Dizaýn saýlamak

3. Menýu goşmak,aýyrmak

4. Saýt dilini üýtgetmek

5. Html .css kodlaryň içinden saýty üýtgetmek .

Ilki bilen admin paneline girmegi öwreneliň.

Admin paneli näme ?

Admin paneli saýtyň içini üýtgedip bolýan ýeri. Ýagny her bir saýty admin panelinden üýtgedip bolýar .

Admin paneline nädip girmeli .

Admin paneline girmek üçin :

1. Saýtyň yzyna /admin goýup girmeli. Meselem gyzykly.ucoz.net diýip saýt açan bolsaň şol saýtyň yzyna gyzykly.ucoz.net/admin ýazyp gözletmeli.

2. Indiki çykan sahypa saýtyň parolyny ýazmaly.

3. «Вход» basmaly .

Ine şu usul bilen admin paneline girip bolýar.

Bellik: Saýtda iki sany admin paneli bar.

1. Esasy admin paneli

2. PU admin paneli

Men size esasy admin panelinden saýtyň içini üýtgetmegi öwretmekçi .

2. Dizaýn saýlamak

Indi admin paneline girmegi öwrenen bolsaňyz ilki bilen açan saýtyňyza görä dizaýn saýlamaly. Ucoz bize 250 golaý taýýar mugt dizaýn saýlamaga mümkinçilik berýär. Elbetde saýt adyny we maksadyny bellänimizden soň şoňa görä dizaýn saýlamaly bolýar. Mysal üçin aýdym saýta aýdym dizaýn, blog saýta blog dizaýn we ş.m

Dizaýn nädip saýlamaly.

Dizaýn saýlamak ýagny dizaýny üýtgetmek üçin.

1. Admin paneline girmeli .

2. «Дизайн» basmaly .

3. «Выбрать шаблон из библиотеки » girmeli .

4. Şu sahypadaky 266 sany taýýar dizaýnlaryň haýsysyny alasyň gelse şol dizaýnyň üstüne basmaly .

5. Ok basmaly

Biraz garaşanyňyzdan soň «Дизайн изменен на No 1817» hat çykar. Tä şol hat çykýança garaşyň. Şol hat çykanyndan soň saýtyň dizaýny üýtgär.

Bellik: Saýt dizaýny saýlanyňyzda örän köp wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Sebäbi göwniňe laýyk dizaýn aňsat-aňsat tapyp bolmaýar .

We dizaýny saýlap dilini üýtgedeniňizde we ýene-de başga dizaýn saýlanyňyzda saýt dilini üýtgedeniňiz biderek bolar. Şonuň üçin saýt dilini üýtgetmänkäňiz göwniňize makul dizaýn saýlaň.

Ýene-de bir zat aýdym, e-kitap,pragramma saýt açmak üçin 1081 nomerli dizaýn ýagny saýty açanyňda duran dizaýny saýlamagy maslahat berýän. Sebäbi beýleki dizaýnlara aýdym, e-kitap, pragramma ýaly faýl ýükläp bolanok eken özüm barlap gördüm. Diňe 1081 nomerli dizaýna aýdym, e-kitap, pragramma ýükläp bolýar .

3. Menýu goşmak, aýyrmak

Gowy dizaýn saýlap bolanyňyzdan soň indiki esasy zat saýt menýusyndaky sahypalary goşmak we aýyrmak. Başarsaňyz saýta artykmaç zat goşmajak boluň sebäbi artykmaç zatlar saýty çylşyrymly, agyr açylýan edýär. Şonuň üçin saýtda iň gerekli zatlary goşuň.

Menýu nädip goşmaly we aýyrmaly ?

Menýu sahypa goşmak üçin

1. Admin paneline girmeli.

2. «Обшее» basmaly

3. «Главная страница» girmeli

4." Конструктор меню" girmeli

Ine şu sahypadan saýtyň menýusynyň içindäki sahypalary täzeden atlandyryp, goşup, aýryp bilersiňiz .

Täzeden atlandyrmak üçin :

1. Sahypany gapdalyndaky galamyň suratynyň üstüne basmaly .

2. Iň ýokarka sahypanyň adyny ýazmaly.

Главная страница- Baş sahypa

Информация о сайте — Saýt barada

Каталог файлов- Faýllar

Каталог статей — Makalalar

Блог- Bloglar

Форум-Forum

Фотоальбомы-Suratlar

Гостевая книга — Myhman depderi

Обратная связь- Seslenme

Aşagyndaka bolsa URL adresini ýazmaly

Baş sahypa — /

Saýt barada — /index/0-2

Faýllar — /load

Makalalar- /publ

Bloglar — /blog

Forum- /forum

Suratlar- /photo

Myhman depderi — /gb

Seslenme — /index/0-3

Sahypa goşmak üçin

1. + Добавить пункт меню basmaly

2. Ýokarka sahypanyň adyny, aşagyndaka bolsa url adresini ýazyp «Применить» basmaly .

Sahypany aýyrmak üçin bolsa sahypanyň gapdalyndaky ❌ basmaly.

Iň soňunda «Сохранить» basmaly .

4. Saýt dilini üýtgetmek

Saýt dilini üýtgetmek üçin:

1. Admin paneline girmeli.

2. «Обшее» basmaly

3. «Главная страница» girmeli

4. «Замена стандартных надписей » girmeli

Ine şu sahypadaky Rus sözlerini «Изменить» basyp Türkmen diline üýtgedip iň soňunda «Сохранить» basmaly .

5. Html kodyň içinden saýty üýtgetmek

Geldik indi iň kyn çylşyrymly meselä. Eger html kodyny bilmeýän bolsaňyz bu sahypa girmegi maslahat bermeýäris. Sebäbi ýekeje nokatjyk hem saýtyň tutuş üýtgemegine sebäp bolar. Şonuň üçin kod bilmeýän bolsaňyz kod ýazyşýan ýerlere asla girmejek boluň.

Html kodyny türk,rus we ş.m dillerinden internetden öwrenip bilersiňiz. Eger html kodyny gowy bilýän bolsaňyz saýtyň içini gaty gowy edip üýtgedip bolýar .

Nädip üýtgetmeli?

1.1. Admin paneline girmeli.

2. «Обшее» basmaly

3. «Главная страница» girmeli

4. «Управление дизайном „girmeli. Ine şu sahypadan html kodyny üýtgedip saýtyňyzy inçelik bilen üýtgedip bilersiňiz .

HEMMÄŇIZE ÜSTÜNLIK ARZUW EDÝÄN .

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow (blogger)

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Saýt açanyňdan soň...