Saýt dilini Türkmen diline terjime etmek.
Salam bloglar.ru saýtynyň hormatly agzalary we okyjylary! Bu blogymda men saýt dilini üýtgetmegiň iň aňsat usulyny öwretmekçi. Munuň üçin bize «Google translate» pragrammasy gerek bolar. Pragrammany google play marketden ýükläp bilersiňiz. Pragrammany ýükläniňizden soň aşakdaky usul bilen islendik daşary ýurt saýtlaryny türkmen diline terjime edip bolýar .
Saýt dilini nädip türkmen diline terjime etmeli ?
Saýt dilini türkmen diline terjime etmek üçin:
1. Islendik daşary ýurt (Türk, Rus, Iňlis we ş.m ) saýtyna girmeli .
2. Terjime etjek söziň üstüne basyp saklamaly.
3. Dikligine üç nokadyň üstüne basyp «Перевод» girmeli .
Ine şu usul bilen daşary ýurt dilini türkmen diline terjime edip bilersiňiz. Men hem şu usul bilen daşary ýurt saýtlaryny türkmen diline terjime edýän.
Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow (blogger)