WWW – Bütindünýä kerebi
World Wide Web (WWW) – bütindünýä kerebi. Köpsanly ulanyjylar ony Internet diýip düşünýärler.
Aslynda ol beýle däl. Ol onuň bir bölegidir. Şeýle hem iň meşhur we iň gyzyklysydyr. Bütindünýä kerebi ýaňy-ýakynda ýüze çykdy we tutuş dünýäde meşhurlyk gazandy. Bu resurs gipertekst tehnologiýasy esasynda döredildi. Adaty ýagdaýdan gipertekst manysy boýunça baglanyşykly beýleki dokumentlere salgylanmasynyň barlygy bilen tapawutlanýarlar. Ýagny olar şol bir serwerde ýa-da beýleki kontinentdäki kompýuterde hem bolup biler. Öz gezeginde bu dokumentleriň salgylanmalary bar. Torda saklanýan millionlarça we milliardlarça dokumentler öz aralarynda baglanyşyp millionlarça we milliardlarça ýollanmalara eýe bolup tutuş ýer ýüzüni büreýän maglumatlaryň kerebine meňzeýär.
WWW – de dürli sahypalary okaýarsyňyz we käbir sözleriň we jümleleriň aşagy çyzyk we başga reňkde bolan ýagdaýyna duş gelýärsiňiz. Bu bolsa olaryň işewür tekstdigini ýa-da gipertekst ýollanmadygyny aňladýar. Oňa kursory getirip (bu ýagdaýda kursor el görnüşine geçer) syçanyň çep düwmesiniň basylmagy bilen maglumaty görmek üçin başga bir sahypa geçeris. Şeýle hem yzyňa dolanyp we şol sahypada saklanyp bilersiňiz. WWW – niň ýene bir mümkinçiligi bolup, ýagny bütindünýä tory arkaly hödürlenýän dokumentler dürli tekstlerden, kompýuter programmalaryndan, suratlardan, wideolardan, sazlardan we ş.m. ybaratdyr.
World Wide Web ýa-da gysgaça Web – bu gipertekst maglumatlary ýaýradýan global sistema bolup, Internetiň transportirlemek kanallary hökmünde ulanylýar.
Özaralarynda Web-sahypalaryň baglanyşygyny saklaýan ýeke-täk maglumat gurluşy bardyr. Olar kesgitli bir tema degişli bolup, oňa web-saýt ýa-da ýöne saýt hem diýilýär.