tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Nireden mugt saýt açmaly ?


Nireden mugt saýt açmaly ?

Сообщений 1 страница 5 из 5

1

Nireden mugt saýt açmaly ?

Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary ? Bu günki blogymda men size birnäçe ýyllyk tejribäme esaslanyp nireden mugt saýt açmak barada peýdaly maglumatlary paýlaşmakçy .

Meniň ilkinji saýt açmak arzuwym 2017-nji ýylda döräpdi. Şol ýyllarda men yzgiderli öz ýazan goşgylarymy linede we şol wagtky ertir.tk (häzirki dostluk.ru) saýtynda paýlaşardym. Şol wagtlar mende özbaşdak saýt açyp öz goşgylarymy, hekaýalarymy we beýleki ýazan bloglarymy özbaşdak paýlaşmak we ynamly ýerde saklamak islegi döräpdi. We bu işe men ilkinji gezek html kodyny öwrenmek bilen başlapdym . Internet äleminden esasan hem türk saýtlaryndan birnäçe html kodyny öwrenip başladym . htmldersleri.org saýtyndan az html sapaklaryny öwrenip başladym . Webmaster editor programmasy arkaly ilkinji saýtymy düzmäge başladym. Soňra agtaran tapar diýlişi ýaly bagtly.lark.ru saýtyna girdim. Şol wagtlar lark.ru saýtlaryna vpn-syz girip bolýardy ýöne şu wagt girmek üçin  vpn gerek. Şol saýta adminiň 5 manada saýt açyp berjegi barada blogyny okap haýdan-haý admine ýagny şu wagtky syegenbayew.7wk.ru saýtynyň admini Saparmyrat Ýegenbaýewe jaň etdim. Saparmyrat maňa ilki gercek.lark.ru saýtyny açyp berdi we soň lark.ru saýtyndan mugt saýt açmagy öwretdi. Şondan soň men düşündim saýt açmak üçin özbaşdak html kod düzmek gerek däl eken . Ýagny sen öz açjak saýtyňy bir dizaýn saýlap şol dizaýn esasynda döredip bilýän ekeniň . Şonda-da lark.ru dizaýny esasynda tutuşlygyna özbaşdak html koda düzülen gundelik.lark.ru saýtyny düzüpdim . Şu wagt hem  vpn işleýän bolsa şol saýta girip bilersiňiz .
Indi bolsa esasy meselä geçeli nireden nähili nädip mugt saýt iň gowy mugt saýt açyp bolar?

Mugt saýt açmak üçin döredilen saýtlar (ýa-da programmalar)

1. lark.ru (vpn gerek)

2. 7wk.ru we mybb.ru

3. simplesite.com

4. wordpress.com

5. wix.com

6. blogger.com (vpn gerek)

7. weebly.com

8. jimdo.com

9. sites.google.com

10 . Ucoz.ru  we beýlekiler .

Indi kän kelläňizi agyrtmazlyk üçin şularyň iň gowylaryny saýlap şolar barada gysgaça açdyp geçeýin.

1. 7wk.ru

Näme üçin 7wk.ru diýip sorasaňyz jogaby anyk. Saýta gerek bolan esasy zatlar şu saýtda jemlenen.

Saýt üçin iň esasy zatlar

1. Tizlik

2. Garantiýa

3. Blog ýazmak (we ýazan blogyňa surat goýmak)

4. Teswir

5. Istatistika

6. Saýta faýl ýüklemek

Şu ýokarda sanalanlarym 6-njiden galany  şu saýtda jemlenen . mybb.ru ýa-da 7wk.ru şularyň haýsysy gowy diýseňiz elbetde 7wk.ru gowy diýip jogap bererin sebäbi 7wk.ru-dan açan saýtyňda reklama az. Hany onda saýt açmak maksadyňyz bar bolsa 7wk.ru saýtyna giriňde ilkinji mugt forum saýtyňyzy dörediň. Saýt döretmekde kömek gerek bolsa arkaýyn habarlaşyp bilersiňiz +993 65 22 89 52

7wk.ru-dan açylan meşhur türkmen saýtlary

1.syegenbayew.7wk.ru
2.bloglar.7wk.ru

7wk.ru saýtyndan mugt forum saýt açmak barada blogy okamak üçin   aşakdaky salga giriň

Mugt forum saýt açmak

2. Ucoz.ru

Ýene-de rus gardaşlarmyzyň döreden zatlary gowy bolup galaýýar . Ucoz-dan saýt açmak kynrak hem bolsa gowy saýt açyp bolýar. Ikinji maslahat berjek platformam ucoz.ru . Gowy taraplary ýokardaky sanananlardan diňe ýazan blogyň islän ýerine surat goýup bolanok . Birem bolgysyz nejis  reklamasy  bar.

Ucozdan açylan meşhur türkmen saýtlary .

1. kitapcy.com
2. hekaya.clan.su

Siz hem ýokardakylar ýaly saýty ucoz.ru  saýtyna girip mugt açyp bilersiňiz . Saýt açmak barada giňişleýin maglumaty okamak üçin aşakdaky salga giriň .

​Ucaz-dan mugt saýt açmak

Indi beýleki saýtlar barada gysgaça durup geçeliň.

Lark.ru

Blogger.com

Bu saýtlara girmek üçin vpn gerek we bizde vpn işlänok.

simplesite.com

wordpress.com

weebly.com

jimdo.com

wix.com we beýlekilerden peýdalanmak üçin bolsa ýokary tizlikli internet gerek we bizde internet pes .

Iň gowysy

7wk.ru

ucoz.ru

Beýlekilere kelle agyrtmaň.

Blogy ýazan: Gerçeknazar Amannazarow/blogger

0

2

mana komeginiz gerekdida

0

3

Ýazyber näme kömek bitirip bilýän zadymyz bolsa bitireli

0

4

Menem 7wk.ru da sayt achdym welin sizinki yaly saytyn yokarsyndaky haty nadip niresine yazmalyka

0

5

Saýtyň ady näme ?

Şolar ýaly ýazgyny goýmak üçin

1. Açan saýtyňa girmeli

2. Настройка girmeli

3. Форума новый  girmeli

4. We aşakdaky suratdaky ýazylan ýere ýazyp iň aşakdaky сохранить basaýmaly .

https://forumupload.ru/uploads/001b/41/54/2/t294541.png

Ýokarky surat görünýärmi? Şol suratdaky "HTML верх"diýen ýere ýazaýmaly.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Nireden mugt saýt açmaly ?