Elektron kitap ýazyň we ony internetde satyň!
Salam hormatly okyjylar bu blogda men size elektron kitap ýasamagy we ony internetde satmagy öwretjek.Onda näme başladyk.
Bilşimiz ýaly häzirki döwürde internet güýçli depginde ösýä we elektron kitaplara bolan isleg barha artýar,çünki döwrebap tehnologiýalarda (telefon,planşet we kompýuter)müňläp elektron kitaplary ýanyňda alyp ýöremäne mümkinçilik berýär.
Elektron kitaby döretmek we ony internetde satmak nähili görnüşde amala aşyrylýar?
···Entek kitap ýazmadyk bolsaňyz ýa-da size kyn bolsa ilki kiçi kitaplary ýazmak bilen başlaň;
···Özüňiz gyzykly diýip bilýän zat hakda 50-100 sahypadan ybarat kitap ýazyň;
···Kitap söwdasy bilen meşgullanýan saýtlary tapyň.Munda size google kömek eder;
···Websaýtda öz kitabyňyzy satmagy düzgünleri bilen tanyşyň;
···Websaýtyň adminstratory bilen baglanyň we ol bilen kitabyňyzy satmak barada düşünişiň;
Onlaýn kitaphanalar nähili işleýär?
Adatda kitap söwdasy bilen meşgullanýan saýtlar söwdadan düşen puluň belli bir göterimini özlerinde saklap galýalar we galan puly kitabyň ýazan adama,ýagny size berýä.Her bir saýtyň öz düzgünnamalary bar.Şonuň üçin siz özüňize makul bolan websaýt bilen işläň!
Kitapdan nähili girdeji görüp bilýäňiz?
Näçe girdeji görjegiňiz ol siziň kitaýyňyzyň göwrümine bagly.Siz kitaba iň azyndan 0.5$-1$ aralygynda baha goýup bilýäňiz.
Üns berip okanyňyz üçin minnetdar.Siz internetden başga ýollar bilen hem pul işlemegi isleýän bolsaňyz,onda indiki bloglary hem okaň belki size köpräk pul gazanmagyň ýollaryny öwredip bilerin.
Awtor:Söhbet Abdullaýew(blogger)