tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Türkmenistanda iň köp ulanylýan 10 programma


Türkmenistanda iň köp ulanylýan 10 programma

Сообщений 1 страница 3 из 3

1

Türkmenistanda iň köp ulanylýan 10 programma

Salam hormatly okyjylarym! Bu blogymda türkmenistanda iň köp ulanylýan şol sanda sensir telefonlarda hökmany ýagdaýda gerekli hasaplanýan iň gowy iň peýdaly programmalary bilmek biziň köpimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Onda sözümizi köp uzaltman tmk-da iň köp peýdalanylýan programmalar hakynda ýazyp geçeliň.

1. Shareit

Türkmenistanda iň köp ulanylýan we iň peýdaly programmalaryň arasynda jedelsiz shareit programmasy öňdeligi eýeleýän bolsa gerek .

Elbetde ilkinji gezek telefon satyn alanymyzda shareit programmasyny geçirmegiň aladasyny edýäris.Uly göwrümli kinolary,widiolary,aýdymlary,programmalary,suratlary,e-kitaplary ,oýunlary shareit programmasy arkaly telefondan telefona aňsatlyk bilen mugt we çalt geçirip bilýäris.Şeýlede shareit-diň içinden aýdym diňläp widiodyr suratlary görip bilýäris.

.

2. Antiwirus

Shareit -den soň telefonymyza iň gowy etjek kömegimiz telefonymyzy antiwirus programmasy arkaly wiruslardan goramak bolup durýar .Elbetde antiwirus programmalary köp ,menim özümä «Virus Removat for Android » programmasyny ulanýan galanynam özüňiz biliň.

.

3. Google ýa-da chrome

Bütin dünýäde şol sanda Türkmenistanda hem iň köp ulanylýan programmalaryň ilkinjileriniň hatarynda google goýup bileris.Ylaýtada Google.com web sahypasy dünýäde iň köp girilýän saýt hasaplanýar.

.

4. Imo 

Imo türkmenleriň bagtyna çykan elýeterli chat hyzmaty. Imo-nyň üsti bilen biz mugt sms ýazyşyp ,surat,aýdym,widio… paýlaşyp bilýäs. Dostlarymyz bilen gyzykly wagt geçirip ,grupbalara goşulyp ,beýlekiler bilen tanşyp tanyşlarmyzy köpeldip bilýäs.We başgada hyzmatlary kän.

.

5 Google play 

Google-yň programmalar we oýunlar ýüklemek hyzmaty bolan google play store programmasy indi hemme sensir telefonlarda diýen ýaly bar.

Elbetde bu programma arkaly telefonyňa ençeme gyzykly oýunlary we peýdaly programmalary ýükläp bolýar.

.

6. Tmcars

Indi tmcars-yň nämedigini bilmeýän türkmen juda az bolsa gerek .Programmany kim döreden we ýöredýän bolsa türkmenler şol adama alkyş aýdýandyrlar. Sebäbi onuň üçin bilen otyran ýeriňden öz zatlaryňy mugt satlyga çykaryp, beýlekileriň çykaran zatlaryny görüp satyn alyp bileris.

.

7. Töleg 

Eger oturan ýeriňden kartyňdan telefonyňa pul geçirmek isleseň «töleg»programmasyny telefonyňyza ýükläň.Elbetde programmany döredijilere we ýöredijilere Taňry ýalkasyn aýtmana burçlydyrys.

.

8. Howa maglumaty

Howa maglumatyny görkezýän ençeme programmalar bar.Meniň pikirimçe şolaryň içinde iň gowysy «Пагода на день » programmasy.Oňa köpler ynanmasada köplenç programmanyň çaklamalary dogry bolup çykýar.

.

9.  Pdf okyjy

Esasanam elektron kitaplary okamagy halaýanlar üçin pdf kitap okyjy programmasy iň gowy we iň peýdaly programmalaryň biri.Özüm Xodo programmasyny ulanýan we sizede şol programmany ulanmagy maslahat berýän .

.

10. Gmail

Google tarapyndan taýýarlanan mugt ýazyşmak,surat,aýdym,e-kitap,widio,programma paýlaşmak hyzmaty.Gmail açyp siz google-yň beýleki hyzmatlaryndan hem peýdalanyp bilersiňiz .

Bulardan başgada telefon üçin iň gerekli iň gowy we iň peýdaly programmalary teswirlerde ýazyp bilersiňiz. Siziň telefonyňyzda nähili programmalar bar ?

.

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow /blogger

0

2

Tmcars maryly Kesha dıylen oglan tarapyndan doredıldı we Ashgabatlylara satyldy. Tmcars konkursda yer alyp goterildi

0

3

Menin bilsimce seyle yalnysmasam

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Türkmenistanda iň köp ulanylýan 10 programma