tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Google


Google

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Google

Google näme? Google näme diýmek? Google haçan we kim(ler) tarapyndan döredildi? Google maksady näme? Google barada gyzykly maglumatlar.

Salam hormatly saýt agzalary we myhmanlary! Durmuşda her bir adamyň öz gyzyklanýan ugry bolýar. Kimler aýdym-saz ,kimler edebiýat,kimler din bilen gyzyklanýar. Şonuň ýaly meniň hem gyzyklanýan ugurlarymyň biri internet.

Nesip bolsa şu ugurdan ,bir ýandan başlap ähli öwrenen we indi öwrenjek zatlarymy siziň bilen paýlaşmakçy. Onda başladyk:

Google näme?

«Internet» diýlende ilki bilen aklymyza gelýän zat google bolsa gerek. Şeýle-de bolsa google-yň nämedigini bilýänler seýrekdir.

Google -Amerkanyň köpmilletli internet we tehnologiýa firmasydyr.

Google näme diýmek?

Google sözi «googol» sözünden alynandyr.Ýagny googol biriň (1) yzyndan ýüz (100) sany nolyň gelmegi bilen dörän sany aňladýar. Ýagny google- 1 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 000 0 — diýmegi aňladýar. Google bu sözi ulanmagyň maksady google-da jemlenen maglumat çeşmeleriniň tükeniksizligini aňladýar.

Googol sözüni oýlap tapan kim?

Bu sözi oýlap tapan dünýä belli A.B.Ş- ly matematik Milton Sirotto.

Google haçan döredildi?

Google ilkinji gezek 1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda (04.09.1998) hususy kompaniýa hökmünde döredildi we 2004-nji ýylyň 19-njy awgustynda (19.08.2004) halka jar edildi.

Google kim(ler) tarapyndan esaslandyryldy?

Amerikanyň köpmilletli internet we tehnologiýa firmasy bolan Google gözleg matory Amerikanyň Stenford uniwersitetiniň talyplary bolan Larry Page we Sergeý Brin tarapyndan esaslandyryldy. Jübütlere köplenç «Google»ýigitleri diýilýär.

Google-yň maksady näme?

Dörwdileli bäri onuň maksady dünýä bilimlerini tertiplemek we ony hemmeler üçin elýeterli we peýdaly etmekdir.

Google-yň şygary näme?

Resmi däl şygary google inženeri Amit Patel tarapyndan döredilen we Pol Buçit tarapyndan goldanan«Erbet bolma» şygarydyr .

Google-yň girdeýjileri näçe?

2014-nji ýylyň hasabaty boýunça google girdeýjileri 66.001 milliard dollar bolup durýar.Doly girdeýji 919928 milliard dollardyr.Maýa goýum 64395 hasaplanýar.Girdeýjileriň köpüsini ozal " Adwords " ady bilen tanalýan «Google Advertising» programmasy arkaly gazanýar.Hasaplamalara görä google dünýädäki maglumatlar merkezinde bir milliondan gowrak serwer işleýär,bir milliardan gowrak gözleg haýyşyny amala aşyrylýar we ulanyjylary tarapyndan döredilen maglumatlar bir günde ýigrimi dört petabaýtdyr.

Google-yň baş edarasy nirede ýerleşýär?

Google-yň baş edarasy A.B.Ş-nyň Koliforniýa ştatynda ýerleşýär.

Işgärleriniň sany 118 899 sanydyr.(2019)

Taryhy

Google-yň esaslandyrlyşy 1996-njy ýylyň ýanwar aýynda Koliforniýa ştatyndaky Stenford uniwersitetiniň talyplary bolan Larri Page we Sergeý Briniň gözleg taslamasy bilen başlady.Bu täze tehnologiýa «PageRank» diýlip atlandyrylýar. Bu sistema laýyklykda sahypa katologlarynyň asyl sahypa bilen baglanşyk öwrülişigini kesgitlenildi,saýtlar görkezilen gyzyklanma boýunça tertipleşdirildi. Page we Brin ilkinji gezek täze döredilen gözleg matoryna «BaskRub» diýip at berdiler, sebäbi saýtlaryň arka baglanşyklaryny barlamagyň möhümdigini çakladylar. Emma soň«googol» sözüniň asyl harpyny üýtgetmek bilen bu gözleg matoryna«Google»diýip at berdiler.1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda şu gün ulanýan domen adyny işjeňleşdirdi we 1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda google kompaniýasy resmi taýdan döredildi.Ilkinji işgär hökmünde Stenford uniwersitetiniň talyby Kreýg Silwerşteýn işe alyndy.

2001-nji ýylyň maý aýynda geçen ýylky 931 million täsin görkezijiniň üstüne 8.4% köpelmek bilen google ulanyjylarynyň sany ilkinji gezek 1 milliard boldy...

Soraglar:

1. Google näme?

2. Google näme diýmek?

3. «Google»sözüni ilkinji bolup kim oýlap tapdy?

4. Google haçan döredildi?

5. Google kimler tarapyndan esaslandyryldy?

6. Google-yň maksady näme?

7. Google-yň şygary näme?

8. Google-yň baş edarasy nirede ýerleşýär?

9. Google işgärleriniň sany näçe?

Hormatly okyjylar! Siz hem google barada bilýän maglumatlaryňyzy teswirlerden paýlaşyp bilersiňiz.

Şular ýaly maglumatlaryň köpelmegine isleseňiz teswirlerden pikirňizi paýlaşyp ,bloga 5 ýyldyz baha berip bilersiňiz.

.

Taýýarlan: Gerçeknazar Amannazarow /blogger

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Internet bloglar » Google