tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Arzuw


Arzuw

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Arzuw

Kalbymyň töründe orun alan söýgi
Henizem ynjalyk bermeýär maňa
Nirede sen gara gözli perizat
Ynan ýüregimden aşyk men saňa

Bir bilsedim kalbymdaky söýgümi
Yşgyň ody lowlap barýar gün-günden
Seň yşgyňda bilbil bolup saýradym
Bu gün bolsa aýra düşdüm şol gülden

Ýadyňa düşýärmi aý-aýdyň gije
Agamyň toýundan gelýärdiň şo gün
Al-ýaşyl geýinip joralaň bilen
Çalaja ýylgyryp gülýärdiň şo gün

Şol gün seniň sary saçyňdan sypap
Näzik tenňi gola almak isledim
Gözel jemalyňy uzakdan synlap
Mydam seniň bilen bolmak isledim
Ömürlik ýanyňda galmak isledim

Gerçeknazar Amannazarow

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Arzuw