tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Aratapawut


Aratapawut

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Aratapawut

Diriniň öliden bir tapawudy
Diri heniz bu dünýäde ýaşaýar
Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam
Seniň ölilerden näme parhyň bar

Adamyň haýwandan bir tapawudy
Adamda akylly beýni ýerleşýär
Eger şol beýniň hem içi boş bolsa
Seniň haýwanlardan näme parhyň bar

Akyllyň akmakdan bir tapawudy
Akylly öz etjek işini bilýär
Näme iş edýänňi bilmeýän bolsaň
Seniň akmaklardan näme parhyň bar

Akylly üçin dünýe olja hem söýgi
Akmak üçin dünýe garaňky hem dar
Gerçek seniň ilden nämäň üýtgeşik
Hem seniň illerden näme parhyň bar

Gerçeknazar Amannazarow.

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Aratapawut