tmbloglar.fun

Информация о пользователе

Привет, Гость! Войдите или зарегистрируйтесь.


Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Aýtsana


Aýtsana

Сообщений 1 страница 1 из 1

1

Aýtsana

Bägül meni hiç wagt söýmediňmi aýtsana
Gerçek men seni söýýän diýmediňmi aýtsana
Gijelerine düýşüňde görmediňmi aýtsana
Ýa-da meniň söýgümi duýmadyňmy aýtsana

Gündizlerne görmesem gijelerne bikarar
Günde görsem gül ýüzüň men bagtyýar,bagtyýar
Seni söýýän ýürekden çyn söýgi baky ýaşar
Kalbymdaky duýgymy duýmadyňmy aýtsana

Bägül seniň şanyňa ençe goşgy ýazardym
Hem daşyňdan guwanyp seni söýüp gezerdim
Ynan saňa gerek bolsa şirin janym dözerdim
Ýa seni söýmelsi ýaly söýmedimmi aýtsana

Gerçeknazar Amannazarow

0

Быстрый ответ

Напишите ваше сообщение и нажмите «Отправить»



Вы здесь » tmbloglar.fun » Goşgylar » Aýtsana